Ysraýylyň Eýranyň nebit ammarlaryna guran hüjümleri sebäpli başlan ýangynlar birnäçe gün dowam etdi
BMG-nyň Daşky gurşaw maksatnamasy nebitiň gözegçiliksiz ýakylmagynyň zäheriň ýaýramagyna sebäp bolýandygyny mälim etdi.
Ysraýylyň mart aýynyň birinji hepdesinde Eýranyň nebit ammarlaryna guran hüjümleri sebäpli başlan zäherli ýangynlaryň birnäçe gün dowam edendigi we paýtagtda millionlarça adamyň saglygy üçin uly howp emele getirendigi nygtaldy.
Duşenbe güni “Ze Guardian” gazetinde çap edilen raýatlara we saglygy goraýyş işgärlerine esaslanylýan habarnama görä, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri 7-nji martda birnäçe desgany bombalady we esasan 4 merkezi nyşana aldy.
Ysraýyl Eýranyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Agdasiýe nebit ammaryny, günortada Tähranda ýerleşýän nebiti gaýtadan işläp çykarýan desgany, demirgazyk günbatardaky Şahran nebit ammaryny we Karaždaky uly ýangyç deshasyny nyşana aldy.
Hüjümlerden soň gara bulutlar tutuş şäheri gurşap aldy, kömür tozy we nebit bölejikleri ýaly howany hapalaýan maddalar howa ýaýrady.
Hüjümler gysga wagt soň Tähranda zäherli “gara ýagyşyň” ýamagyna sebäp boldy we howanyň hapalygy has-da artdy.
Tähranlylar ýangynlar sebäpli kelleleriniň agyrandygyny we dem almakda kynçylyk çekendiklerini mälim etdi.
Hünärmenler zäherli ýangynlar sebäpli dem almakda kynçylyk çekenleriň uzak möhletde ýürek-damar kesellerine we rak keseline sezewar boljakdygy barada duýduryş berdi.
Hüjümlerden iki gün soň emeli hemra arkaly alynan wideo-ýazgylar Şahran ammarynyň we Tährandaky nebiti gaýtadan işläp çykarýan desganyň henizem ýanýandygyny görkezdi.
Ýewropa Kosmos gullugy 10 gün soň emeli hemra arkaly alynan wideo ýazgylarda ýangynlaryň sönendigini habar berdi, emma alawlar dowam edýärdi.
Eýranly lukmanlar kislotaly ýagyşyň howplydygy barada duýdyryş berdi we halka daşary çykmazlyklaryny, hapalanan egin eşiklerini atmaklaryny we N95 maskasyny dakmaklaryny maslahat berdi.
Ysraýyl Tährandaky ýangyn tanklarynyň bombalanmagynyň jogapkärçiligini öz üsüne aldy.
ABŞ-nyň Energetika ministri Kris Wright, Ysraýylyň ýerli ammalary nyşana alandygyny, ABŞ-nyň energetika desgalaryna hüjüm guramakdan çetde durýandygyny aýtdy.
BMG-nyň Daşky gurşaw maksatnamasy nebitiň gözegçiliksiz ýakylmagynyň zäheriň ýaýramagyna sebäp bolýandygyny mälim etdi.