Howpsuzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, Milli Howpsuzlyk guramasynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Gresiýanyn Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Temistoklis Demiris bilen paýtagt Afinide duşuşdy.
Duşuşykda özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ibrahim Kalyn bilen Temistoklis Demiris Egeý we Günbatar Ortaýer deňzi, NATO-nyň howpsuzlygy, maglumat çalşygy, terror, guramaçylykly jenaýatlara garşy göreş, göç meselesi bilen birlikde ABŞ-Eýran söweşi, Siriýadaky täze döwür, Liwiýanyň siýasy jebisligi, Palestin meselesi, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri we basyp alyşlyk syýasaty, Ysraýylyň Siriýa we Liwana guraýan hüjümleri ýaly birnäçe mesele hakynda giňişleýin pikir alyşdy.
Iki kärdeş duşuşykda özara we sebitara meseleler boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi barada ylalaşyk gazandy.






















