Ysraýylyň goşunynyň ylalaşyga garamazdan Gaza zolagynda soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de 9 palestinaly ýogaldy.
Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerinde hasaba alnan adam pidalary barada iň soňky maglumatlary paýlaşdy.
Ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň Gazada soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde 9 adam ýogaldy, 31 adam bolsa ýaralandy.
Gaza zolagynda geçen ýylyň 10-njy oktýabrynda güýje giren ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan Ysraýylyň guran hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 1431 adama we ýaralanan palestinalylaryň sany bolsa 5026 adama ýetdi.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gaza zolagyna guraýan hüjümlerinde ölenleriň sanynyň 74032 adama ýetendigi, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 175142 adama ýetendigi habar berildi.
Gaza zolagynda harabalyklaryň aşagynda müňlerçe adamyň jesediniň bardygy çak edilýär.























