DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýyl ylalaşygyň möhlediniň uzaldylandygyna garamazdan Liwana hüjüm gurady
ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda gazanylan ylalaşygyň möhlediniň uzaldylandygy hakyndaky beýannamasyndan birnäçe sagat soň Liwana täze hüjümler guraldy.
Ysraýyl ylalaşygyň möhlediniň uzaldylandygyna garamazdan Liwana hüjüm gurady
Ysraýyl ylalaşygyň möhlediniň uzaldylandygyna garamazdan Liwana hüjüm gurady

Liwanyň Milli habarlar gullugyna görä, Ysraýyl ylalaşygyň 3 hepde möhlet bilen uzaldylmagyndan birnäçe sagat soň anna güni ir ertir Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady.

Liwanyň harby uçarlary ertiriň irki sagatlarynda Maržaýoun etrabyndaky Toluline etrapçasynda bir öýi nyşana aldy. Ysraýylyň Kherber Selm etrapçasyna hem hüjüm gurandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby uçarlary Maždal Zounyň eteklerine hem hüjüm gurady.

Hüjümler Ak Tamda ilçiler derejesinde geçirlen gepleşiklerden soň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ysraýyl bilen Liwanyň arasyndaky ylalaşygyň 3 hepde möhlet bilen uzaldylandygyny mälim etmeginden birnäçe sagat soň guraldy.

ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda 10 gün möhlet bilen hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyk 16-njy aprelde güýje giripdi we ylalaşygyň möhledi ýekşenbe güni gutarýardy.

Ysraýyl ylalaşyga garamazdan Liwana guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýär.

Liwanly resmilere görä, 2-nji martdan bäri Ysraýylyň guraýan hüjümleri sebäpli 2 müň 200-den gowrak adam ýogaldy, 1 milliondan gowrak adam hem ýaşaýan ýerlerini terk etdi.