Putin: Tomagawk raketasynyň Ukraina berilmegi Russiýa-ABŞ gatnaşyklaryny "ýok eder"

Russiýanyň prezidenti, Tomagawk kruiz raketalaryny Amerikanyň harby işgärleriniň göni gatnaşmazdan ulanmagynyň "mümkin däldigini" öňe sürdi.

Tomogawk raketasy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin uzak aralykly “Tomagawk” kruiz raketalarynyň Ukraina iberilmeginiň Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklary “ýok etjekdigini” aýtdy.

Rus žurnalist Pawel Zarubin bilen geçirilen söhbetdeşlikde Putin: "Bu biziň gatnaşyklarymyzyň çökmegine sebäp bolar. Ýa-da bolmasa, bu gatnaşykda ýüze çykan oňyn tendensiýalaryň bes edilmegine sebäp bolar. Şonuň üçin men näme pikir edýändigimi aýdýaryn. Ýöne wakalaryň nähili boljakdygy diňe bize bagly däl" diýdi.

Wladimir Putin penşenbe güni Soçide geçirilen Waldai halkara diskussiýa klubynyň 22-nji ýyllyk ýygnagynda eden çykyşynda Kiýewe olaryň iberilmeginiň “söweş meýdanyndaky deňagramlylygy asla üýtgetmejekdigini” aýtdy.

Russiýanyň prezidenti, "Tomagawk" kruiz raketalaryny Amerikan harby işgärleriniň gönüden-göni gatnaşmazdan ulanmagynyň "mümkin däldigini" we munuň Russiýa-ABŞ gatnaşyklarynda "düýbünden täze, hil taýdan dartgynlygyň ýokarlanma tapgyryny" alamatlandyrjakdygyny öňe sürdi.

Şeýle hem Kreml ABŞ-nyň uzak aralyga niýetlenen “Tomagawk” kruiz raketalarynyň Ukraina geçirilmeginiň “degişli tertipde” jogap beriljekdigini mälim etdi.

“Tomagawk” kruiz raketasynyň aralygy 2500 kilometre ýetip bilýär.

Geçen aý Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý “Axios” habarlar gullugyna beren interwýusynda Nýu-Ýorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampdan Tomagawk raketalaryny talap edendigini habar beripdi.

Bu beýanatda birnäçe gün soň ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wans Waşingtonyň bu haýyşy gözden geçirilýändigini we gutarnykly kararyň Tramp tarapyndan kabul ediljekdigini tassyklapdy.