Ysraýylyň Prezidenti Gersog, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ysraýyla berilýän 4 milliard dollarlyk kömegiň bes ediljekdigi baradaky kararyndan habarynyň ýokdygyny aýtdy.
Prezident Gersog “Bu karardan soň ýyldyrym çakan ýaly boldum” diýdi.
Ysraýylyň “Ze Taýmes of Ysraýyl” gazetiniň berýän habaryna görä, Ysraýylda oppoziýanyň iň güýçli toparlaryndan biri bolan Ýaşar partiýasynyň wekilleri bilen duşuşan Prezident Gersog “ABŞ-nyň ýurduna berýän kömeginiň bes edilmegi baradaky karar meni diýseň aladalandyrýar” diýdi.
Trampyň ABŞ-da araky saýlawlaryň geçirlen güni bolan 3-nji noýbarda Ysraýyla beriljek 4 milliard dollarlyk kömegiň bes edilmegi baradaky karary hakynda durup geçen Gersog “Bu karardan soň ýyldyrym çakan ýaly boldum”diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 3-nji noýabrda ABŞ-nyň Ysraýyla berjek 4 milliard dollarlyk kömegini bes etjekdigini aýdypdy.
Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Ysraýyla beriljek kömegiň bes ediljekdigini aýdan Tramp, “Indi Ysraýyla pul bermeris” diýipdi.
Ysraýylyň KAN teleýaýlymy, Trampyň ABŞ-da araky saýlawlaryň geçirlen güni beýan eden garaşylmadyk kararynyň ýurduň resmilerini geň galdyrandygyny habar beripdi.





















