Prezident R. T. Erdogan Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Şyh Muhammed bin Zaýed Al Nahýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň NSosýal arkaly beren habarnamasyna görä, telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen BAE-niň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Erdogan, Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň goranyş senagatynyň we ykdysadyýetiň başda durmagynda birnäçe ugur boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin tagalla edýändigini belledi.
Türkiýäniň Eýran-ABŞ dartgynlygynyň we sebitdäki şuňa meňzeş çaknyşyklaryň ortadan aýrylmagy üçin tagalla edýändigini aýdan Erdogan, doganlyk ýurtlara guralýan hüjümlere garşydyklaryna ünsi çekdi.
Prezident Erdogan sebitara meselelerde iki ýurduň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini belledi.
Türkiýe ABŞ-Eýran çaknyşygynyň bes edilmegi üçin tagalla edýär.
Ankara çaknyşygyň başlan gününden bäri Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gepleşiklere uly goldaw berýär we taraplar bilen aragatnaşyk saklaýar.
Prezident Erdogan maý aýynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň, Kataryň, Müsüriň, Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň, Bahreýniň we Pakistanyň lideriniň gatnaşmagynda geçirlen ýokary derejeli telekonferensiýa gatnaşdy.
Telekonferensiýada Eýran bilen arabaglanşykly meseler seljerildi.
Erdogan düşnüşmezlikleriň gepleşik we diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin çagyryş etdi we Türkiýäniň Waşington bilen Tähranyň arasynda gazanyljak ylalaşyga goldaw bermäge taýardygyny aýtdy.
Preizdent Erdogan Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hem Türkiýäniň ABŞ-Eýran dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny ýatlatdy.






















