Maduronyň tarapdarlary Karakasda miting geçirip, prezidentleriniň azat edilmeklerine çagyrdylar
Maduronyň ogly Nikolas Maduro Guerra sosial mediadan paýlaşylan sesli ýüzlenmesinde kakasynyň ýakyn töweregine içalylaryň aralaşandygyny öňe sürdi.
Wenesuelanyň agdarylan prezidenti Nikolas Maduronyň takmynan 2 müň tarapdary, ýekşenbe güni Karakas şäherinde demonstrasiýa geçirip, amerikan güýçleri tarapyndan tussag edilip, Nýu-Ýorkdaky tussaghana alnyp gidilen Maduronyň we onuň aýalynyň boşadylmagyny talap etdiler.
Protestçilere Madurony goldaýan we Wenesuelanyň gyzyl, gök we sary baýdaklaryny göterýän motosiklli harbylaşdyrylan toparlar ýoldaşlyk etdi.
Protestçiler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň şenbe güni Waşingtonyň Wenesuelany belli bolmadyk geçiş döwründe "dolandyrjakdygy" baradaky beýanatyna jogap hökmünde "Wenesuela hiç kimiň koloniýasy däl" diýen başga bir ýazgyly şygar göterdiler.
Maduro duşenbe güni Nýu-Ýorkda ABŞ-na kokain gaçakçylygy bilen baglanyşykly "narkoterrorizm" aýyplamalary boýunça kazyýetiň öňüne çykar.
Wenesueladaky hassahanalar ABŞ-nyň daňdan guralan hüjümlerde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň sany barada maglumat bermediler.
"Howa goranyş ulgamy işlemedimi?"
Wenesuelanyň Goranmak ministri Wladimir Padrino Lopes Maduronyň howpsuzlyk toparynyň "uly böleginiň", şeýle hem harby gullukçylaryň we asuda ilatyň "rehimsizlik" bilen öldürilendigini aýtdy, ýöne ölenleriň sany barada maglumat bermedi.
Lukmanlar toparynyň AFP agentligine beren maglumatyna görä, 70 töweregi adam öldi, 90 adam ýaralandy.
Karakasdaky protestçiler Maduronyň özüne ýakyn adamlaryň biri tarapyndan dönüklik edilendigi we onuň ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň ýurduň iň uly harby bazasynda ele salynmagyna ýol açandygy barada çaklamalary beýan etdiler.
69 ýaşly bugalter Papa Juanço: “Howa goranyş ulgamlarynyň işlemezligi nädip mümkin boldy?” diýip, belläp: “Nikolas Maduro dönükler tarapyndan agdaryldy, sebäbi onuň howpsuzlyk çäreleri bilen bu hiç haçan bolmaly däldi” diýip nygtady.
Maduronyň ogly Nikolas Maduro Guerra sosial mediadan paýlaşylan sesli ýüzlenmesidne kakasynyň ýakyn töweregine içalylaryň aralaşandygyny öňe sürdi.
Guerra: "Taryh dönükleriň kimdigini görkezer" diýdi.