Syn we garaýyşlar
DÜNÝÄ
1 minut okamak
BMG Pakistan bilen Owganystana duşmançylyklaryny bes etmekleri üçin çagyryş berdi
BMG tarapyndan berlen beýannamada, iki ýurtda onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan çaknyşyklardan soň taraplara çagyryş berdi.
BMG Pakistan bilen Owganystana duşmançylyklaryny bes etmekleri üçin çagyryş berdi
BMG Pakistan bilen Owganystana duşmançylyklaryny bes etmekleri üçin çagyryş berdi
16 Oktýabr 2025

BMG-nyň Owganystana ýardam gullugy UNAMA, 10-njy oktýabrdan bäri Pakistan bilen Owganystanyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 18 adamyň ýogalandygyny we 360-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

UNAMA tarapyndan penşenbe güni berlen beýannamada, “Taraplara asuda ilaty goramak üçin duşmançylyklaryny bes etmekleri üçin çagyryş berýäris” diýdi.

UNAMA Pakistan bilen Owganystanyň arasynda birnäçe gün dowam eden onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümlerden soň möhüm beýannama berdi.

Ady agzalýan wakalar, 2021-nji ýylda Talibanyň Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden soň goňşy iki ýurduň arasynda başdan geçirlen iň agyr krizis hökmünde bellige alyndy.

10-njy oktýabrdan bäri başdan geçirilýän wakalar sebäpli iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk güýçlenýär.

Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň taraplara çaknyşyklaryň bes edilmegi boýunça beren çagyryşyndan soň çarşenbe güni iki tarap hem çaknyşyklaryň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanandygyn mälim etdi.

Ylalaşykdan soň taraplaryň arasynda çaknyşygyň bolmandygy nygtaldy.

BMG-nyň Owganystana ýardam gullugy taraplaryň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi.

Çaknyşyklarda çekilen adam pidalary hakynda doly maglumat berilmedi.

Pakistan Owganystana terrorçylara ýer eýeçiligini etmekde günäkärleýär, emma Taliban bu günäkärlemeleri ret etdi.

Pakistan 2021-nji ýyldan bäri ýurtda guralýan terrorçylykly hüjümlere garşy göreşýär.

Iki ýurt 2,611 kilometr uzynlygyndaky Durand liniýasy bilen serhetdeş. Bu serhet Owganystana tarapyndan ykrar edilmedi.

 

 

 

 

 

 

Öwren
Kolumbiýa Karibdäki dartgynlyk sebäpli ABŞ bilen aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy bes etmegi buýurdy
Ukraina bilen Russiýa ýesir çalşygy boýunça Stambulda gepleşik geçirýär
Onlarça ýyl tussaglykda bolan Hannibal Kaddafi kepillik bilen boşadyldy
Ysraýyl bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagy häzirlikçe mümkin däl
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy