TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Aliýew: “Günorta Kawkazy parahatçylyk sebitine öwürmek isleýäris”
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, “Ermenistan bilen söwda mukdaryny artdyrmak isleýäris” diýdi.
Aliýew: “Günorta Kawkazy parahatçylyk sebitine öwürmek isleýäris”
Aliýew: “Günorta Kawkazy parahatçylyk sebitine öwürmek isleýäris”

Günorta Kawkazyň parahatçylyk sebitine öwrülendigini nygtan Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan bilen ýurdunyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerine ünsi çekdi.

Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirlen Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitine gatnaşan Aliýew, sammitde eden çykyşynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda geçirilýän parahatçylyk gepleşikleri hakynda durup geçdi.

1,5 ýyl ozal Azerbaýjan bilen Ermenistanyň parahatçylyk şertnamasynyň tekstini taýarlamak bilen 30-dan ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän dartgynlygy ortadan aýyrandygyny nygtan Aliýew “Uzak ýyllardan bäri çaknyşyk sebiti bolan Günorta Kawkaz parahatçylyk sebitine öwrülýär” diýdi.

Azerbaýjan hökmünde Ermenistany nebit önümleri bilen üpjün edýändiklerini aýdan Aliýew, “Ermenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdürmek isleýäris” diýdi.