Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň liderler sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkege giden Prezident R. T. Erdogan rus kärdeşi Wladimir Putin bilen Ala Arça kabulhanasynda duşuşdy.
Duşuşykda Türkiýäniň daşary syýasat we ykdysady taýdan esasy hyzmatdaşlaryndan biridigini nygtan Wladimir Putin, Akguýy Atom elektrik bekediniň ilkinji bölüminiň şu ýyl ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.
Türkiýe bilen medeni we ynsanperwer ýaly ugurlarda hem ýakyndan gatnaşyk edýändiklerini aýdan Putin, “Türkiýä gelýän rus syýahatçylarynyň sany gün saýyn artýar. Geçen ýyl 7 milliona golaý rus syýahatçy Türkiýä geldi” diýdi.
“Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary pajarlap ösýär” diýen Prezident R. T. Erdogan hem rus syýahatçylaryna uly ähmiýet berýändiklerini, Antalýa welaýatyna gelýän rus syýahatçylarynyň sanynyň gün saýyn köpelýändigini belledi.
Prezident Erdogan, “Jenap Prezidentiň hem nygtaýşy ýaly Akguýy Atom elektrik bekedi Türkiýe-Russiýa gatnaşyklarynda uly rol oýnaýar. Oba hojalyk we energetika pudagy taýdan hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris” diýdi.





















