Ankaranyň Söwda bileleşiginden berlen ýazmaça beýannama görä, paýtagtyň eksporty üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 2 milliard 85 million dollar artdy.
8 aýlyk eksport 20,7 göterim artyp 12 milliard 156 million dollara barabar boldy.
Ankaranyň geçen aýdaky eksporty 2025-nji ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 2,9 göterim artyp 1 milliard 347 million dollara barabar boldy.
Ankaraly firmalar tarapyndan öndürlen önümler awgust aýynda 168 ýurda eksport edildi.
Eksport sanawynda ABŞ, Slowakiýa, Ukraina we Hytaý esasy orun eýeledi.
Ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde ankaraly firmalar ABŞ-na 976,5 million dollarlyk, Slowakiýa 885,4 million dollarlyk, Ukraina 861,9 million dollarlyk we Hytaýa 768,1 million dollarlyk önüm eksport etdi.























