DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ-Eýran ylalaşygy bilen baglanyşykly näbellilikler dowam edýär
Tramp Eýran bilen ylalaşyga gol çekiljekdigini we şondan soň Ormuz bogazynyň dessine "hemmeler üçin açyljakdygyny" aýdan bolsa-da, Tähran ýekşenbe güni oňa gol çekilmejekdigini beýan etdi.
ABŞ-Eýran ylalaşygy bilen baglanyşykly näbellilikler dowam edýär
ABŞ-Eýran ylalaşygy bilen baglanyşykly näbellilikler dowam edýär

 ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran bilen urşuň bes edilmegi baradaky ylalaşyga ýekşenbe güni gol çekiljekdigini aýan etdi. Emma, Eýran Trampyň beýanatyna garşy çykyp, şol gün hiç hili ylalaşyga gol çekilmegine garaşylmaýandygyny aýtdy.

Tramp şeýle hem ABŞ-nyň sebitde ýagdaý asudalaşandan soň Eýranyň baýlaşdyrylan uranyny tapyp ýok etjekdigini aýtdy.

Tramp şenbe güni “Truth Social” platformasyndan beren beýanatynda: “Wagty gelende, ähli zat asudalaşanda, owadan B-2 bombardir uçarlarymyzyň we olaryň ussat uçarmanlarynyň kömegi bilen, biz beýik granit daglarynyň çuňlugynda gömülen ýadro materialyny almaga gideris. Eýranda ýa-da ABŞ-da bolsun, biz ony pes derejä çenli baýlaşdyryp, ýok ederis” diýip belledi.

Tramp Eýran bilen ylalaşyga gol çekmegiň meýilleşdirilýändigini we ylalaşyga gol çekilenden soň Ormuz bogazynyň "hemmeler üçin açyljakdygyny" aýtdy.

Tramp: "Ylalaşyga ertir gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Gol çekilenden soň dessine Ormuz bogazy hemmeler üçin açylar " diýdi.

Emma Eýran ABŞ bilen özara düşünişmek baradaky memoranduma ýekşenbe güni gol çekilmejekdigini, ýöne gol çekişligiň ýakyn günlerde amala aşyrylyp bilinjekdigini mälim etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ismail Bekaýi Yslamabadyň özara düşünişmek baradaky memorandumynyň Liwanda hem şol sanda ähli ugurlarda urşuň bes edilmegine gönükdirilendigini we ýadro meselesiniň häzirki tapgyrda çözülmejekdigini aýtdy.

Tramp bolsa Tähranyň indi ýadro ýaragyny islemeýändigini öňe sürdi.

“Tasnim” habar agentliginiň habaryna görä, Bekaýi: “Biz garaşyp, özara düşünişmek baradaky memoranduma haçan gol çekiljekdigini anyk görmeli. Oňa ertir gol çekilmez, ýöne onuň ýakyn günlerde bolmagynyň mümkinçiligini hem aradan aýryp bolmaz” diýdi.

Öwren
Ermenistanyň Prezidenti Haçaturýan, Paşinýanyň Ministrler kabinetiniň täze düzümini tassyklady
Pezeşkiýan: Biz territorial bitewiligimizi gorarys, ýöne urşuň giňelmeginiň tarapdary däldiris
ABŞ-nyň demirgazyk günbatarynda ýangynlar sebäpli 65 müň adam öýlerini terk etdi
Moskwada guralan hüjümlerde bäş adam ýogaldy
Wenesuelada bolan ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 6125 adama ýetdi
Müsürde ýer titredi
Ysraýylyň Goranmak ministri Eýrana hemle atdy
Russiýa: Ukraina degişli portlar bilen Gara deňizde harby enjam daşaýan ýük gämisini nyşana aldyk
Ýaponiýanyň günorta günbatarynda ýer titremesi sebäpli ýogalanlaryň sany 38 adama ýetdi
Peruda syýahatçylary daşaýan uçar heläkçilige uçrady
Moskwada kafeniň golaýynda bolan partlamada 3 adam ýogaldy, 15 adam ýaralandy
Zelenskiý: Russiýada 3 nebiti gaýtadan işleýän zawoda we konteýner gämisine hüjüm  guradyk
Trump, Eýrana garşy hüjümleriň dowam etjekdigini nygtap, ýeňiş gazanmagy” wada berdi
Russiýanyň Kiýewe guran howa hüjüminde 9 adam ýogaldy
Eýranyň goşuny: "Kuweýtdäki Ahmed al-Jaber howa bazasyny nyşana aldyk" diýdi
Hytaýda tunneliň çökmegi netijesinde dört adam ýogaldy
Gresiýadaky tokaý ýangynlarynda ölen ýangyn söndürijileriň sany 3-e ýetdi
Eýranyň Ynkylap Goragçylary: "ABŞ-nyň operasilary dowam etse, Ormuz bogazy açylmaz"
Russiýanyň Ukrainadaky raketaly hüjümlerinde çagalar bilen birlikde jemi 6 adam ýogaldy
Ýaponiýada bolan 7,1 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 13 adama ýetdi