Müsür bilen Pakistan strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrýar
Müsüriň Daşary işler ministri Bedir Abdullati Pakistanda saparda boldy
Müsüriň Daşary işler ministri Bedir Abdulati ýekşenbe güni Pakistana bardy.
Ministr Abdulati resmi saparynyň çäginde Müsüriň Pakistan bilen dürli ugurlarda edýän hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek maksady bilen iş meýilnamasyny taýarlamak isleýändiklerini aýtdy.
Müsüriň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Abdulatiniň resmi saparynyň çäginde Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as Sisiniň ýazan hatyny Pakistanly kärdeşi Asyr Ali Zerdara gowşurandygy nygtaldy.
Müsüriň Daşary işler ministri Bedir Abdullati mundan başgada BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň Gaza bilen arabaglanşykly 2803 belgili kararynyň ýerine ýetirilmeginiň we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň taýarlan we 10-njy oktýabrda Palestinde güýje giren hüjümleriň bes edilmegi barada meýilnamanyň ikinji tapgyryna geçilmeginiň möhümdigini nygtady.
Müsürli ministr kararda nygtalşy ýaly ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin halkara durnuklylyk güýjüniň doly mümkinçilikde iş alyp barmalydygyny belledi.
Abdulati noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirlen emma heniz geçirilmedik Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi we galkynyş temaly halkara konferensiýa üçin görülýän taýarlyklary ara alyp maslahatlaşdy.
Türkiýäniň, Müsüriň we Kataryň töwellaçylyk etmeginde we ABŞ-nyň goldaw bermeginde gazanylan ylalaşyk, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri dowam etdirýän we esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 70 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna, 170 müňden gowrak adamyň hem ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümleriň bes edilmegini ýola goýdy.
Ylalaşygyň birinji tapgyry palestinli tussaglylaryň boşadylmagynyň öwezine ysraýylly ýesirleriň boşadylmagyny öz içine alýar.
Meýilnama mundan başgada Gazanyň gaýtadan dikeldilmegini we Hamasdan daşary täze dolanşyk ulgamynyň gurulmagyny göz öňünde tutýar.