DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tramp Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazanyň halkynyň jähennemi başdan geçirendigini aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti Gazada palestinlileriň jähennemi başdan geçirendigini we Ysraýylyň genosidiniň dowam edýändigini, geljek hepde ylalaşygyň gazanylmagyna garaşýandygyny belledi.
Tramp Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazanyň halkynyň jähennemi başdan geçirendigini aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ysraýylyň gabaw astyndaky Palestina guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigini aýtdy.

Tramp, ABŞ-nyň Gazanyň ele geçirilmegi teklibine goldaw berip bermeýändigi hakynda soraga  “Gazanyň halkynyň howpsuz bolmagyny isleýärin” diýip jogap berdi.

Tramp, “Gazanyň halkynyň howpsuz ýagdaýda ýaşaýandygyny görmek isleýärin. Olar jähennemi başdan geçirdiler” diýdi.

Tramp, ABŞ-nyň Gazany gözegçilik astyna almagy pikirini ilkinji gezek fewral aýynda gün tertibine getiripdi. Dünýä ýurtlary Trampyň teklibine garşy çykypdy. Emma Tramp teklibini gün tertibine getirmäge dowam edýär.

Tramp hepdäniň başynda Gazada öňümizdäki hepde ylalaşyk gazanylmagyny umyd edýändigini aýtdy we Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu bilen hem Gaza hem-de Eýran meselesini serljermek üçin Waşingtonda duşuşjakdygyny ýatlatdy.

Penşenbe gini Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde 100-den gowrak palestinli öldürildi.

Ysraýylyň Gazadaky genosidi

Ysraýyl 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazadaky genosidini dowam etdirýär.

Ysraýylyň hüjümlerinde häzire çenli esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 57 müň palestinliniň öldürlendigi nygtaldy.

Palestinanyň resmi WAFA habarlar gullugy ýykylan öýleriň harabalygynda 11 müň palestinliniň galandygyny nygtaýar.

Emma hünärmenler hüjümlerde ýogalanlaryň sanynyň 200 müň adama golaýlandygyny öňe sürýär.

ABŞ esasy ýarany Ysraýyla ýylda 3,8 milliard dollarlyk harby kömek berýär.

ABŞ 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri, Ysraýylyň Gazadaky genosidine we goňşy ýurtlardaky söweşlerine goldaw bermek üçin 22 milliard dollardan gowrak serişde berdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi
Los-Anjelesde bolan dikuçar heläkçiliginde üç adam ýogaldy
Russiýa: "Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmeli"
Ysraýyl ýaralanan lukmançylyk işgärine kömek etmäge gelen palestinaly çagany bombalap öldürdi
Ummanyň golaýynda nyşana alynan nebit tankeriniň 2 ekipažyndan hiç hili habar ýok
Ukraina: “Rus goşuny şu gije 200 ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen howa hüjümini gurady”