TÜRKIÝE
2 minut okamak
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi
Ali ez-Zeýdi: "Biz Türkiyä günde 1 million barrel nebit berip bileris” diýdi
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi
Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: “Sebitimiziň indi uruş, terror we çaknyşyk bilen däl-de, ösüş, abadançylyk, parahatçylyk we durnuklylyk bilen ýatlanmagy üçin tagalla edýäris” diýdi.

Prezident Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Yragyň Premýer-ministri Ali ez-Zeýdi bilen ikiçäk we toparara duşuşyklar geçirenden soň, Prezident köşgünde dürli ugurlar boýunça ylalaşyklara gol çekmek dabarasyna gatnaşdy.

Geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda çykyş eden Erdogan, Zeýdini sebitiň başdan geçirýän kyn döwründe öz üstüne alan wezipesi üçin ýene-de bir gezek gutlady.

Doganlyk esasynda gatnaşyklary ählitaraplaýyn görnüşde ele alandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: “Sebitleýin wakalar, esasanam Eýran, Siriýa we Palestina bilen baglanyşykly wakalar barada pikir alyşdyk” diýip nygtady.

Erdogan Türkiyäniň ýanyndaky uruş gurşawy sebäpli howpsuzlyk, terrora garşy göreş, energiýa we transport meseleleriniň möhüm orny eýeländigini belläp:

"Gynansak-da, goňşymyz Yrak bu uruşdan we durnuksyzlykdan iň köp täsir ýeten ýurtlaryň biridir. Biz ozaldan bäri Yragyň parahatçylygyny we durnuklylygyny öz ýurdumyzyň ýagdaýyndan hiç haçan aýyrmadyk we aýyrmarys. Sebitimiziň indi uruş, terror we çaknyşyk bilen däl-de, ösüş, abadançylyk, parahatçylyk we durnuklylyk bilen ýatlanmagy üçin tagalla edýäris. Terrorsyz Türkiye tapgyrymyzyň we Terrorsyz sebit garaýşymyzy hakykata öwürmek üçin yrakly doganlarymyz bilen ýakyndan gepleşikler geçirýäris" diýip habar berdi.

“British Petroleum” tarapyndan işledilýän Kerkük önümçilik meýdanynda “Türkiyäniň Nebitleri” kärhanasyna hyzmatdaşlyk berlendigini aýdan Prezident Erdogan: “Geçen ýyl 17 milliard dollara golaýlan Yrak bilen söwda möçberimizi has ýokary derejä çykarmak isleýäris” diýdi.

"Yrak 1 million barrel nebite bolan zerurlyklarymyzy kanagatlandyryp biler"

Prezident Erdogan Yragyň Premýer-ministri Ali al-Zeýdiniň " Biz Türkiyä günde 1 million barrel nebit berip bileris " diýen sözlerini sitirläp, "Ol, başga hiç kime garaşly bolmaň" diýýär. 1 million barrel. /…/ Eger biz nesip bolsa ýakyn goňşumyz Yrakdan 1 million barrel nebit geçirip bilsek, ol biziň zerurlyklarymyzy kanagatlandyrar" diýip beýan etdi.