DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýran diplomatiýany öňe sürýär, Tramp bolsa çäkli zarba urmak barada pikirlenýär
Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, gepleşikleriň bökdelendigi hakyndaky garaýyşlaryň asylsyzdygyny mälim etdi.
Eýran diplomatiýany öňe sürýär, Tramp bolsa çäkli zarba urmak barada pikirlenýär
Eýran diplomatiýany öňe sürýär, Tramp bolsa çäkli zarba urmak barada pikirlenýär / AFP

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, anna güni beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýrany ylalaşyga mejbur etmek üçin çäkli harby hüjümiň guralmagy meselesini seljerýändigi hakyndaky sözlerine garamazdan, Tähranyň dowam edýän gepleşiklerde ne ýadro meýilnamasyny togtatmagy teklip edendigini,  nede ABŞ-nyň urany kämilleşdiriş işlerini bes etmegini talap edendigini aýtdy.

Merkezi ABŞ-da ýerleşýän MS Now teleýaýlymyna beýannama beren Arakçi, Tähran bilen Waşingtonyň urany kämilleşdiriş işleri bilen birlikde Eýranyň ýadro maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy.

Arakçi “Eger kimdir biri Eýranyň ýadro meselesini çözmek we parahatçylykly maksatly galmagyny isleýän bolsa, ýeke-täk ýol bar, ol hem meseläniň gepleşik we diplomatiýa arkaly çözülmegidir” diýdi.

Beýleki tarapdan Tramp, Eýrana garşy çäkli hüjümiň guralyp biljekdigini aýtdy.

Ak Tamda metbugata beýannama beren Tramp, Eýrany ylalaşyga mejbur etmek üçin çäkli hüjümiň guralyp biljekdigini belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp mesele hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdy.

Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýadro gepleşikleri üstümizdäki aýyň başynda Maskatda gaýtadan başlapdy.

Sişenbe güni Omnanyň töwellaçylyk etmeginde Ženewada gepleşikleriň ikinji tapgyry geçirildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, penşenbe güni Waşingtonda geçirlen Parahatçylyk geňeşiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda, gepleşikler netijesiz bolan halatynda ABŞ-nyň 10-15 günüň dowamynda Eýrana garşy harby hüjüm gurap biljekdigini duýdurdy.

 

 

Öwren
Ukrainanyň UHU-lar bilen guran hüjümlerinde Moskwadaky nebiti gaýtadan işleýän zawoda zeper ýetdi
ABŞ, Ýakyn Gündogar üçin howpsuzlyk duýduryşyny çap etdi
ABŞ Ukraina 2,68 milliard dollarlyk harby enjam satar
Kongoda ebola sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 577 adama ýetdi
Russiýa Britaniýanyň geňeşçi ilçisini  Daşary işler ministrligine çagyrdy
Pakistanda polis merkezine guralan hüjümde 8 adam ýogaldy
Demirgazyk Koreýanyň Russiýa müňlerçe işçi ugradandygy öňe sürüldi
Pakistan Saud Arabystanynyň howpsuzlygyna şertsiz goldaw berýär
Tramp Polşada ABŞ bazasyny döretmek meselesinde uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny aýan etdi
Ýemeniň goşuny: "Taiziň günbataryndaky çaknyşyklarda 30 Husi söweşijisi öldürildi" diýdi
Eýran Ormuz bogazyndan geçmäge çalşan Togonyň baýdagyny göterýän nebit tankerini nyşana aldy
Amerikaly diplomatlar Husiler bilen Gyzyldeňizdäki dartgynlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdy
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan: “Biziň rus harby bazasyna mätäçligimiz ýok”
Zelenskiý Russiýany soňky hepdelerde iki gezek onuň uçaryny nyşana almaga synanyşmakda aýyplady
Singapurda "doomscrolling"-iň öňüni almak maksady bilen adamlara kitap okamak üçin pul tölenýär
Eýran Keşm adasynda ABŞ-na degişli drony urup düşürendigini habar berdi
Los-Anjelesde bolan dikuçar heläkçiliginde üç adam ýogaldy
Russiýa: "Älem giňişliginde ýaraglanma ýaryşynyň öňüni almak üçin gyssagly anyk ädimler edilmeli"
Ysraýyl ýaralanan lukmançylyk işgärine kömek etmäge gelen palestinaly çagany bombalap öldürdi
Ummanyň golaýynda nyşana alynan nebit tankeriniň 2 ekipažyndan hiç hili habar ýok