Eýranyň döwlet teleýaýymy, iki ýurduň arasynda Pakistanyň töwellaçylyk etmeginde taýarlanan 14 maddalyk ylalaşyk teswirnamasyna ýer berdi.
Ady agzalýan resmi bolmadyk ylalaşyk teswirnamasyna görä, ylalaşygyň özenini Ormuz bogazyndan geçjek gämiler üçin girizilen düzgünleriň gaýtadan gözden geçirilmegi emele getirýär.
Şol çäkde Eýran bogazdan geçjek gämileri kesgitlemek ygtyýaryna eýe bolar.
Ýükü howply hökmünde kabul edilýän ýada Eýrana duşman bolan haýsydyr bir söwda gämisiniň bogazdan geçmegine rugsat bermän biler.
Habarda ylalaşyk teswirnamasynyň Eýran tarapyndan giňişleýin seljerilýändigi bellenildi.















