TÜRKIÝE
1 minut okamak
Balykesirde F-16 uçary heläkçilige uçrady
Türkiýäniň Goranmak ministrligi F-16 uçarynyň heläkçige uçrandygyny we uçarmanyň şehit bolandygyny habar berdi.
Balykesirde F-16 uçary heläkçilige uçrady
Balykesirde F-16 uçary heläkçilige uçrady / AA
Duş 16 Ýek

Milli Goranmak ministrligi, Türk Howa güýçlerine degişli F-16 harby uçarynyň Balykesiriň demirgazyk günbatarynda heläkçilige uçrandygyny we uçarmanyn şehit bolandygyny habar berdi.

Ministrlik tarapyndan berlen beýannamada ýerli wagt bilen 00.56-da 9-njy Harby howa bazasyndan uçan F-16 harby uçary bilen uçandan gysga wagt soň arabaglanşygyň kesilendigi nygtaldy.

Gysga wagt soň başladylan gözleg we halas işlerinde uçaryň harabalygy tapyldy.

Misitrlik tarapyndan berlen beýannamada “Uçarmanymyz şehit boldy. Heläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işi gozgaldy. Şehit uçarmanymyza Alladan rehnet, maşgalasyna, Türk ýaragly güýçlerimize we eziz halkymyza gynanç bildirýäris” diýildi.

Balykesiriň häkimi Ismail Ustaoglu hem uçarmanyň maşgalasyna gynanç bildirdi.