Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý penşenbe güni beren beýanatynda, Kiýewiň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň toparyndan Russiýanyň indiki hepde üçin teklip edýän gysga möhletli ot açmagy bes etmegiň jikme-jiklikleri barada düşündiriş sorajakdygyny aýtdy.
Tramp çarşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny we žurnalistlere "gysga möhletli ot açmagy bes etmek" pikirini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.
Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow penşenbe güni ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň 9-njy maýda, nasist Germaniýasynyň Ikinji Jahan urşunda ýeňilmeginiň ýyllygyny hem öz içine aljakdygyny, ýöne onuň anyk wagtynyň entek kesgitlenmändigini aýtdy.
9-njy maý Russiýada möhüm baýramçylyk bolup, Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda harby ýöriş bilen bellenilip geçilýär. 2022-nji ýylda Ukraina giň gerimli çozuşyny başladandan bäri, Putin bu wakany jemgyýetçiligi urşa jemlemek üçin ulandy we Russiýanyň häzirki esgerleriniň Adolf Gitlere garşy söweşen esgerleriň yzyndan eýerýän gahrymanlardygyny aýtdy.
Ot açmagy bes etmek teklibi barada Zelenskiý: "Biz munuň näme aňladýandygyny anyklaşdyrarys: Moskwadaky ýöriş üçin birnäçe sagatlyk howpsuzlykmy ýa-da başga bir zat üçinmi?" diýdi.
Zelenskiý “X” saýtyndan beren beýanatynda: “Biziň teklibimiz uzak möhletli ot açmagy bes etmek, halk üçin ygtybarly we kepillendirilen howpsuzlyk, şeýle hem dowamly parahatçylykdyr. Ukraina muňa islendik abraýly we netijeli formatda ýetmek üçin işlemäge taýýar” diýip belledi.
Geçen ýyl Putin Ikinji Jahan urşundaky ýeňşiň 80 ýyllygyny bellemek üçin Ýewropada 72 sagatlyk ot açmagy bes etmek barada ylalaşyk yglan edipdi. Kiýew bilen ylalaşyksyz yglan edilen bu ot açmagy bes etmek barada ylalaşyk Ukraina tarapyndan galplyk hökmünde häsiýetlendirildi we Ukrain tarapy Russiýany öz teklibini ýüzlerçe gezek bozmakda aýyplady.
















