Zelenskiý Türkiýede saparda bolar

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý Türkiýede saparda bolar. ABŞ-nyň wekili Stiw Witkofyň hem gepleşiklere gatnaşmagyna garaşylýar.

By
Zelenskiý Türkiýede saparda bolar / AP

Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, söweşiň bes edilmegi we ýesir çalşygynyň gaýtadan başlamagy maksady bilen Türkiýede saparda bolmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Zelenskiý sişenbe güni Telegramdan beren habarnamasynda, çarşenbe güni möhüm gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Zelenskiý gepleşikleriň Türkiýäniň haýsy şäherinde geçiriljekdigi we kimler bilen duşuşjakdygy hakynda bolsa maglumat bermedi.

Ukrainanyň Prezidenti “Ertir Türkiýede gepleşikler geçireris. Birnäçe gepleşigiň geçirilmegi üçin taýarlyk görýäris we hyzmatdaşlarymyza meseläniň çözülmegi üçin birnäçe teklip hödürläris. Ukraina ilkinji nobatda söweşiň bes edilmegini maksat edinýär. Ýesir çalşygy we tussaglylaryň boşadylmagy etabynyň gaýtadan başlamagy üçin tagalla edýäris” diýdi.

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkofyň hem çarşenbe güni Türkiýä gitjekdigini we Zelenskiý bilen geçiriljek gepleşiklere gatnaşjakdygyny habar berdi.

Kreml: Russiýa bu hepde geçiriljek gepleşiklere gatnaşmaz

Kreml tarapyndan sişenbe güni berlen beýannamada, Russiýanyň bu hepde Türkiýede geçiriljek gepleşiklere gatnaşmajakdygyny mälim etdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow metbugata beren beýannamasynda “Ertir Türkiýede geçiriljek gepleşikleri rus wekilleri gatnaşmaz” diýdi.

Peskow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň gepleşikleriň netijesi hakynda Türkiýe ýada ABŞ tarapyndan maglumat berilmegine garaşýandygyny sözleriniň üstüne goşdy.