ABŞ Günorta Koreýa 111,8 million dollarlyk ýarag satar

ABŞ Günorta Koreýanyň goranyş mümkinçilikleriniň artdyrylmagy üçin 111,8 million dollarlyk ýaragyň satylmagyny tassyklady.

By
ABŞ Günorta Koreýa 111,8 million dollarlyk ýarag satar / AFP

Günorta Koreýa sebitde abanýan howplara garşy harby taýdan görýän taýarlyklaryny güýçlendirmek üçin ABŞ-dan 624 sany kiçi göwrümli bomba alar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň çäginde iş alyp barýan Goranyş howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk gullugynyň anna güni beren beýannamasyna görä, Günorta Koreýa 111,8 million dollarlyk ýaragyň satuwy tassyklandy.

Gulluk, Günorta Koreýanyň 624 sany goşmaça EBU-39/B kysymly kiçi göwrümli bomba talap edendigini mälim etdi.

Şol bombalaryň tanklary we gaçybatalgalary ýok edip biljek güýje eýedigi nygtalýar.

Gulluk, satuwyň Aziýa-Ýuwaş Umman sebitinde durnuklylygyň we ykdysady galkanyşyň ýola goýulmagy üçin esasy hyzmatdaş bolan Günorta Koreýanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini maksat edinýändigini aýan etdi.

Gulluk ABŞ-nyň alyp barýan daşary syýasatyna we milli howpsuzlyk boýunça bähbitlerine goldaw bermäge dowam etjekdigine ünsi çekdi.

Gulluk bombalaryň Günorta Koreýanyň häzirki we gelejekde abanyp biljek howplara garşy özüni goramagy taýdan möhümdigini belledi.

Ýaraglar ABŞ-nyň goranyş firmasy Boeing tarapyndan öndürler.