SYÝASAT
2 minut okamak
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Ysraýylly resmiler ABŞ-nyň Eýrana hüjüm etmegini isleýändiklerini nygtap, onuň “belli netijelerinin” boljakdygyny öňe sürýärler.
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar
Ysraýyl ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýär, emma Tramp egilşiksiz diplomatiýany ileri tutýar / Reuters
2 Fewral 2026

Ýerli habar beriş serişdeleriniň mälim etmegine görä Premýer-ministri Binýamin Netanýahu birnäçe gün ozal ABŞ-dan sapardan gelen Baş ştabyň Başlygy Eýal Zamir bilen bilelikde ýokary derejeli resmileriň gatnaşmagynda howpsuzlyk geňeşini geçirdi.

Ysraýylyň döwlet eýeçiliginindäki “KAN” teleýaýlymy ýekşenbe güni Mossadyň Başlygy Dewid Barneanyň hem maslahata gatnaşandygyny habar berdi.

Zamiriň tanalmazlyk üçin ABŞ-na ýörite uçar bilen gidendigi we Waşingtony Eýrana hüjüm guramaga razy etmäge çalşandygy mälim edildi.

Atlarynyň tutulmazlygy şerti bilen “Reýtere” beýanat beren amerikaly iki resmi möwjeýän Eýran meselesi sebäpli ýokary derejeli Amerikaly we ysraýylly generallaryň anna güni Pentagonda duşuşandygyny beýan etdiler.

Resmileri ABŞ-nyň Baş ştabynyň Başlygy Dan Keýn bilen Zamiriň arasynda ýapyk formatda geçirilen duşuşyklar hakynda maglumat bermediler.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýrana ençeme gezek hemle atmagyndan soň Ýakyn Gündogardaky deňiz güýçleriniň üstüni ýetirip, howa goranyşyny güýçlendirmeginiň maksadynyň Eýrany gepleşik stolunyň başyna çekmekden ybaratdygy beýan edildi.

Eýranyň hökümeti bolsa ABŞ-nyň hüjümleriniň sebitleýin çaknyşyga sebäp boljakdygyny duýdurdy.

Zamiriň garaýyşy

Ýerli medianyň mälim etmegine görä Zamir ABŞ-nyň iki hepde bilen iki aýyn dowamynda Eýrana harby hüjüm başlatjakdygyny çaklaýar.

Goşun radiosy Zamiriň geçiren metbugat ýygnagynda “Bu bir näbellilik döwri” diýendigi habar berdi.

Zamir Tährana guraljak Amerikan hüjüminiň “iki hepde bilen iki aýyň dowamynda” amala aşjakdygyny pikir edýändigini aýtdy.

Radio gelejek birnäçe günüň dowamynda ABŞ-nyň Tährana hüjüm etmegine garaşylmaýandygyny habar berdi.

Çekeleşikli gepleşikler

Katsyň ofisi Goranmak ministri Ysrael Katsyň Waşingtondaky saparyndan soň Zamir bilen sebitdäki şertleri we Ysraýylyň goşunynyň “ähtimal ähli ssenariler boýunça operatiw taýýarlyk” hakynda pikir alyşandygyny habar berdi.

Duşuşyklara gatnaşan adynyň tutulmagyny islemedik ysraýylly resmilerden biri, Trampyň Eýran bilen egilşiksiz gepleşikler geçirmek isleýändigini we onuň, aýdylmagyna görä Eýranyň ýadro maksatnamasynyň bes edilmegine sebäp boljakdygyny beýan etdi.

Ysraýylly resmiler ABŞ-nyň Eýrana hüjüm guramagyny isleýändiklerini nygtap, eger ol guralmasa onuň “netijelerinin” boljakdygyny duýdurdy. Şol netijeleriň arasynda Eýranyň ýadro ýaragy boýunça öňegidişlik etmeginiň hem bardygy öňe sürüldi.

Ysraýylly resmiler şeýle hem Eýranyň atom raketasy hakynda maksatnamasy boýunça “aladalaryny” amerikaly kardeşlerine beýan etdiler.

Geçirilen maslahat hakynda Ysraýylyň resmiler tarapyndan haýsydyr bir beýannama berilmedi.

Öwren
Türkiýe bilen Saud Arabystany KAAN harby uçarlaryna birlikde maýa goýar
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar
Pakistan bilen Gazagystan özara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin 37 şertnama baglaşdy
Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär
Putin Eýranyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygyny kabul etdi
Türkiýe ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin töwellaçylyk etmäge taýar
Umumy türk elipbiýi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
ÝB-niň Eýranyň Ynkylap goragçylaryny “terror guramalarynyň” sanawyna almagyna garaşylýar
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiýe bilen Nigeriýa özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýär
Daşary işler ministri Hakan Fidan Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy
Terror guramasy DEAŞ-a garşy egilşiksiz göreş dowam eder
Türkiýe Ysraýylyň garşylygyna garamazdan Gaza esger ugratmaga taýar
NATO: Arktikanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýaranlar bilelikde işleşerler
Hytaý Trampyň "parahatçylyk geňeşiniň" BMG-niň ornuny tutup biljekdigi baradaky pikirine goşulmaýar
Hindistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri suwuklandyrlan tebigy gaz şertnamasyny baglaşdy
Siriýanyň demirgazynyň terror guramasy ÝPG-li terrorçylardan saplanmagy üçin ylalaşyk gazanyldy
Prezident Erdogan Siriýanyň Prezident Prezidenti Al Şara bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ukrainanyň resmi wekiliýeti parahatçylyk gepleşikleri üçin ABŞ-na geldi
Siriýanyň harby goşuny Halabyň gündogarynda Deýr Hafiri gözegçiligi astyna aldy