Russiýanyň Prezidenti Vladimir Putin anna güni tejribeli diplomat Sergeý Verşinini Moskvanyň Türkiýedäki ilçisi hökmünde belledi.
Putiniň Ukraina bilen söveş diplomatiýasynyň dovam edýän günlerinde kabul eden bu karary ünsleri özüne çekdi.
Russiýanyň Türkiýedäki adatdan daşary ve doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhov 5 aý ozal başga vezipä bellenipdi.
Russiýanyň ilçihanasy şol günden bäri geňeşçi ilçi derejesinde öz işini dovam etdirýärdi.
Birnäçe ýyl Daşary işler ministriniň orunbasary vezipesini ýerine ýetiren, Demirgazyk Afrikada ve Ýakyn Gündogarda işlän diplomatik Verşinin, BMG derejesinde ve sebitara krizisleriň başda durmagynda köp taraply diplomatiýa meselesinde Moskvanyň adyndan gepleşikleri alyp baran iň tejribeli diplomat hökmünde kabul edilýär.
Verşinin, Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda tövellaçylyk edýän günlerinde Ankara ilçi hökmünde bellendi.
Ankara söveşiň başlan gününden bäri taraplaryň arasyndaky gepleşiklere ýer eýeçiligini edýär.
Kara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynda ve ýesir çalşygynda uly rol oýnady.
Tejribeli diplomadyň Ankara ilçi hökmünde bellenmegi, Türkiýäniň hem Russiýa hem-de NATO üçin strategiýa taýdan esasy hyzmatdaşdygyny görkezýär.













