SYÝASAT
1 minut okamak
BMG palestinlileriň öz ykbalyny kesgitlemek hukugyna goldaw berýär
BMG-nyň Baş Assambleýasy kabul eden karary bilen palestinlileriň öz ykbalyny kesgitlemek hukugyna goldaw berýändigini mälim etdi.
BMG palestinlileriň öz ykbalyny kesgitlemek hukugyna goldaw berýär
BMG palestinlileriň öz ykbalyny kesgitlemek hukugyna goldaw berýär / Reuters
Duş 10 Ýek

BMG-nyň Baş Assambleýasy, Palestin halkynyň garaşsyz Palestin döwletiniň gurulmagy hukugy bilen birlikde öz ykbalyny kesgitlemek hukuguny ýene-de bir gezek tassyklaýan karar taslamasyny sesleriň köplügi bilen kabul etdi.

Ady agzalýan karar gurama agza 164 ýurduň ses bermeginde kabul edildi.

Ysraýyl, ABŞ, Argentina we Paragwaý ýaly 8 ýurt bolsa garşy ses berdi.

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň “halklaryň öz ykbalyny kesgitlemek hukugy” ady bilen kabul edilen karda, Palestin halkynyň öz syýasy statusyny erkin ýagdaýda kesgitlemek, ykdysady, sosial we medeni taýdan ösüşini dowam etdirmek hukugyna eýedigi nygtaldy.

Kararda, BMG-nyň düzgünnamalaryna, kararlaryna we halkara hukugyna üns çekildi we öz ykbalyňy kesgitlemek hukugynyň halkara hukugyň esasy ýörelgelerinden biridigi nygtaldy.

Kararda mundan başgada gurama agza döwletlere, BMG-nyň çäginde iş alyp barýan guramalara, palestin halkynyň bu hukugynyň gysga wagtda iş ýüzüne geçirilmegine goldaw berilmegi üçin çagyryş edildi.

Gündogar İýerusalimiň başda durmagynda Palestiniň basyp alyşlyk astyndaky sebitleriniň jebisligine we bitewiligine sarpa goýulmalydygy nygtaldy.