Russiýanyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamlaryň abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal gullugy şol maglumatlary ret eden hem bolsa, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi mesele bilen ýakyndan gyzyklandyklaryny aýtdy we: "Biz Russiýanyň häkimiýetlerini takyk maglumatlary halk köpçüligine çalt we aç-açan ýetirmäge çagyrýarys" diýdi.
Russiýanyň Sibir sebitindäki Irkutsk taun keseliniň öňüni alyş institutynda işleýän zenan laborantynyň 2-nji oktýabr güni gije ýokanç ähtimallygyndan soň aradan çykmagy, laboratoriýa heläkçiligi we epidemiýa boýunça alada döretdi.
Russiýanyň metbugatynda çykan habarlara görä, institutyň 28 ýaşly işgäri Darýa Şipilowa näbelli sebäpden döreýän öýken sowuklamasy (pnewmoniýa) diagnozy goýlup, aradan çykdy. Onuň taun keselini döredýän “Yersinia pestis” bakteriýasyny saklaýan döwlen synag turbajygy bilen galtaşykda bolandygy barada maglumatlar peýda boldy. Käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaş hünärmeniň iş saparyndan gaýdyp gelenden soň ýarawsyzlanandygyny öňe sürdüler. Ähtimal howplaryň öňüni almak maksady bilen takmynan 200 adamyň lukmançylyk gözegçiligine alnandygy habar berildi.
Hünär işi bilen arabaglanyşyk tapylmady
Russiýanyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we ilatyň abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal gullugy Şipilowanyň näbelli sebäpden döreýän öýken sowuklamasy sebäpli aradan çykandygyny tassyklady. Şeýle hem institutda ýokanç mikroorganizmler bilen işlenilende hiç hili heläkçiligiň bolmandygy we soňky 10 günüň dowamynda institutyň işgärleriniň hiç haýsysynyň ýokanç sebäpli lukmana ýüz tutmandygy nygtaldy.
Şeýle hem Şipilowadan alnan dokumalarda jikme-jik barlaglaryň geçirilendigine garamazdan, ölüme sebäp bolan keselin, işgäriň hünär işi boýunça mikroorganizm bilen baglanyşykly däldigi aýdyldy. Irkutsk sebitindäki saglygy goraýyş ýagdaýynyň "durnukly" bolandygy habar berildi.
ABŞ: Biz Russiýanyň häkimiýetlerini halk köpçüligine takyk maglumatlary ýetirmäge çagyrýarys
Köpçülikleýin habar serişdelerinde peýda bolan maglumatlar ABŞ-nyň hökümetini hem herekete geçmäge gönükdirdi. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi amerikan metbugatyna beren beýanatynda şeýle diýdi: "Biz Russiýanyň Irkutsk sebitinde öýken taunynyň (pnewmonik taun) sebäp bolandygy ähtimal adam pidasy baradaky ýagdaýdan habarly. Biz mesele bilen Keselleriň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek merkezleri (CDC) hem-de beýleki edaralar bilen hyzmatdaşlykda ýakyndan gyzyklanýarys."
Taun — “Yersinia pestis” bakteriýasy sebäpli ýüze çykýan ýokanç keseldir. Keseliň iň howply we seýrek duş gelýän görnüşi we agyr öýken sowuklamasyna (pnewmoniýa) sebäp bolýan öýken tauny, bejergi edilmedik ýagdaýynda birnäçe günüň dowamynda ölüme sebäp bolup bilýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) maglumatlaryna görä, adamlar bu kesele büräniň çakmagy, göni aragatnaşyk ýa-da dem alyş ýollary arkaly ýolugýarlar.




















