Erdogan Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek üçin Stambul gepleşikleriniň täzeden dikeldilmegine çagyrdy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ankaranyň Russiýa bilen "ot açmagy bes etmegi çaltlaşdyrjak, adalatly we dowamly parahatçylygyň ýoluny açjak islendik teklibi" ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

By
Erdogan we Zelenskiý

Prezident Rejep Taýýip Erdogan ukrainaly kärdeşi Wladimir Zelenskiý bilen geçiren metbugat ýygnagynda Stambul tapgyrynyň has giňişleýin mazmun bilen amala aşyrylmagynyň we Ukraina urşy bilen baglanyşykly ýiti meseleleriň çözülmeginiň peýdaly boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan çarşenbe güni: “Biz Stambul gepleşikleriniň urşuň weýran ediji täsirleriniň iki tarap üçin hem barha agyrlaşýan döwründe diplomatik çözgüt ugrundaky tagallalarda möhüm tapgyr bolup durýandygyna ynanýandygymyzy aýtdyk” diýip belläp, Türkiyäniň araçylyk rolunyň çäginde guralan gepleşikleriň urşuň soňuna çykmakdaky ähmiýetini nygtady.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ankaranyň Russiýa bilen "ot açmagy bes etmegi çaltlaşdyrjak, adalatly we dowamly parahatçylygyň ýoluny açjak islendik teklibi" ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkiye Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gandöküşikligiň bes edilmegini isleýän ähli taraplaryň Stambul tapgyryna konstruktiw çemeleşme görkezjekdigine garaşýandygyny beýan etdi.

Türkiyäniň diplomatik tagallalary

Zelenskiý bolsa öz gezeginde Ukrainanyň ýylyň ahyryna çenli Russiýa bilen uruş ýesirlerini alyş-çalyş etmek tapgyryny täzeden dikeltmäge umyt edýändigini aýtdy.

Ukrain lideri Ukrainanyň urşuň soňuna çykmak üçin Türkiyäniň diplomatik tagallalaryna bil baglaýandygyny sözüne goşup: "Elbetde, biz diplomatiýa barada anyk gürleşdik. Indi köp prosesler has işjeňleşdi we biz ähli işleriň diňe parahatçylyga gönükdirilendigini üpjün etmäge synanyşýarys" diýdi.