Awstriýanyň Howa ýollaryna degişli Tel-Awiw-Wena saparyny amala aşyrýan ýolagçy uçary, uçara bomba goýlandygy barada gelip gowşan habarlar sebäpli Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa gondy.
Awstriýanyň ORF habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Awstriýanyň Howa ýollary, Ysraýyldan uçan 51 ýolagçysy we 6 ekipažy bolan Airbus A32o kysymly uçara bomba goýlandygy barada habaryň gelip gowuşandygyny habar berdi.
Gelip gowşan habardan soň uçaryň ýary gije Sofiýa gonandygy nygtaldy.
Geçirlen barlaglarda uçarda haýsydyr bir howply maddanyň ýokdygy anyklandy.
Bolgariýanyň Ulaglar ministrliginden berlen beýannamada hem uçara ýoldaşlyk etmek üçin MiG-29 kysymly harby uçaryň uçandygy bellenildi.
Uçarda geçirlen barlaglardan soň uçaryň Wena gonandygy ýatladyldy.


















