Ukrainanyň Içeri işler ministri Igor Klymenko, Russiýanyň düýn Ukraina guran hüjümlerinde 14 adamyň ýogalandygyny, 60-a golaý adamyň hem ýaralanandygyny aýtdy.
Igor Klymenko duşenbe güni Telegramdan beren habarnamasynda, rus güýçleriniň 7 sebite 70-den gowrak hüjüm gurandygyny we Harkowda ýerleşýän Merefa şäherçesine hüjümler sebäpli uly zeper ýetirlendigini nygtady.
Içeri işler ministri Igor Klymenko, Russiýanyň Ukrainanyň energiýa pudagyny nyşana almaga dowam edýändigine ünsi çekdi.
Ukrainanyň energiýa firmasy Naftogaz, Russiýanyn soňky 24 sagatda Sumi we Harkow sebitlerinde ýerleşýän 5 desga hüjüm edendigini mälim etdi.
Russiýa heniz Ukrainanyň öňe sürýän garaýyşlaryna jogap bermedi.
Beýleki tarapdan Moskwa her ýyl bellenilip geçilýän Ýeňiş güni mynasibetli 8-9-njy maýda Ukraina bilen bir taraply ýagdaýda atyşygy bes edendigini mälim etdi.












