DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysrayyl soňky hüjüminde 2 sanysy çaga bäş palestinlini öldürdi
Pajygaly hüjüm ganhor Netanyahunyň Gazadaky esgerleriň arynyň alynjakdygyny beyan etmeginden gysga wagt soň guraldy.
Ysrayyl soňky hüjüminde 2 sanysy çaga bäş palestinlini öldürdi
Ysrayyl soňky hüjüminde 2 sanysy çaga bäş palestinlini öldürdi / AA
4 Dekabr 2025

Saglygy gorayyş gullukçylary “Anadoly” habarlar gullugyna beren beyannamasynda gabaw astyndaky Gazanyň günortasynda Ysrayylyň harby howa hüjümlerinde bäş palestinliniň ölendigini aytdy.

Gullukçylar çarşenbe güni Han Yunusda bosgunlaryň yaşayan çadyrlaryna guralan hüjümlerde ölenlerin arasynda iki çaganyň hem bardygyny beyan etdi.

Hüjümler ganhor Netanyahunyň Rafahda palestinli söweşijiler bilen bolan çaknyşyklarda esgerleriň yaralanmagyna “degişli garşylygyň görkeziljekdigini” aytmagyndan gysga wagt soň guraldy.

“Aç-çan harby jenayat”

Ysrayylyň goşuny hüjümleriň Rafahda Hamasyň yokary derejeli yolbaşçysyna guralandygyny öňe sürdi.

Ysrayylyň mediasynda çykan habarlarda beyan edilmegine görä Rafahdadaky yerasty tünellerde 200-e golay Hamas söweşijisi bar we Tel-Awiw Hamas bilen töwellaçylaryň şol adamlara guramanyň gözegçiligindäki howpsuz yerlere geçmegine rugsat berilmegi boyunça bildiren talabyna henize çenli jogap bermedi.

Hamas Ysrayylyň Han Yunusa guran hüjümlerini “aç-açan harby jenayat, ylalaşyga sarpa goymazlyk we Ysrayylyň borçlaryndan gaçmak üçin edyän başlangyjy” hökmünde häsyetlendirip, ony yazgardy.

Gurama bu dartgynlygyň netijelerinden dolulygyna Ysrayyly jogapkär saydy we töwellaçylar bilen kepillendiriji yurtlary Netanyaha hem-de hökümete jenayatçylykly işlerini bes etmekleri we ylalaşygy berjay etmekleri üçin gysyş etmäge çagyrdy.

Hamas ozalky beyanatynda Rafahda galan söweşijiler bilen arabaglanşygynyň we gatnaşygynyň yokdugyny, 10-njy oktyabrda güyje giren ylalaşygy doly berjay edyändigini nygtapdy.

Ysrayyl 2023-nji yylyň oktyabryndan bäri Gaza gurayan hüjümlerinde esasy bölegi Zenanlardan we çagalardan ybarat 70 müňden gowrak palestinlini öldürdi.

Sebiti tas dolulygyna harabalyga öwüren Ysrayyl ilaty bolsa yerlerinden jyda düşürdi.

Öwren
Eýran çäklendirmeleri gowşatmaga we halkara jaňlara rugsat bermäge başlady
Medwedew Tramp bilen bagly: "Eger ol howlukmasa, olar Russiýa goşulmak üçin ses berip biler" diýdi
ABŞ raýatlaryna Eýrany terk etmekleri barada çagyryş berdi
Russiýa we Ukraina biri-birleriniň energetika desgalaryna hüjüm guradylar
Tramp: Eýran ýadro gepleşikleri üçin ýüz tutdy we gepleşik geçirmek isleýär
Ysraýyl ýene-de dört palestinalyny öldürdi
Argentina ilçihanasyny Iýerusalime göçümek meýilnamasyny togtatdy
Eýranda geçirilýän protest ýörişlerinde 100-den gowrak howpsuzlyk işgäri öldürildi
Ysraýyl ýene-de 3 palestinlini öldürdi
Ysraýyl ylalaşyga garamazan Gaza guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýär
Halap şäherinde ÝPG terrorçylaryna garşy operasiýa başladyldy
Russiýanyň Kiýewe guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy
Rus hüjümleri Ukrainanyň iki sebitiniň elektrik üpjünçiliginiň kesilmegine sebäp boldy
Wenesuelanyň Içeri işler ministrligi: ABŞ-nyň hüjümlerinde azyndan 100 adam ýogaldy
Eýrandaky protestlerde ölen adamlaryň sany 38-e ýetdi
Eýran Mossad içalysy bolmakda aýyplanýan bir adama ölüm jezasyny berdi
Tramp Grenlandiýany ele salmak üçin dürli ugurlary göz öňünde tutýar
ÝB Wenesuelanyň wagtlaýyn prezidentini ykrar etmekden ýüz öwürýär
SDG-nyň hüjümlerinden soň Halap howa menzilinde uçuşlar togtadyldy
Wenesuelada prezident köşgüniň golaýyndan partlama we ýarag sesleri eşidildi