ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ukraina bilen Russiýanyň arasynda 9-njy maý şenbe gününden başlap 3 gün möhlet bilen atyşygyň bes edilendigini yglan etdi.
Tramp 11-nji maýa çenli dowam etjek ylalaşygyň, Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnajak uzak möhletli ylalaşyga sebäp bolmagyny umyd edýändigini belledi.
Ylalaşyk iki tarapyň müň ýesirini çalyşmagyny hem öz içine alýar.
Russiýa bilen Ukraina ylalaşyga we ýesir çalşygyna goldaw berýändiklerini mälim etdi.
Russiýa ozal 9-njy maý Ýeňiş baýramyny belläp geçmek üçin bir taraply ýagdaýda atyşygy bes edipdi.
Ukraina bolsa bu wakany, Moskwadaky harby parady goramak göçümi hökmünde häsiýetlendiripdi.
Ylalaşygyň öňüsyrasynda çaknyşyklar dowam etdi we iki ýurt hem anna güni dron hüjümlerini gurady.
Ukraina Russiýanyň tutuş gije 64 dron hüjümini gurandygyny mälim etdi.
Moskwa bolsa paýtagty nyşana alan 100 dron bilen birlikde jemi 400-den gowrak dron hüjüminiň öňüniň alynandygyny öňe sürdi.
Basyp alyşyk astyndaky Hersonda Ukrainanyň guran hüjüminde asuda ilatdan 2 adamyň ýogalandygy nygtaldy.
Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý, Ýaroslaw sebitindäki nebit ammaryna hüjüm gurandyklaryny aýtdy.









