Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiyäniň käbir ikirjiňlenmelerine garamazdan, 18-nji ýanwarda Siriýanyň hökümeti bilen SDG-niň arasynda gazanylan ylalaşygy, edil 10-njy mart ylalaşygyny goldaýşy ýaly, goldandygyny aýtdy.
Ministr Fidan sişenbe güni Anadoly habarlar agentligine we TRT-e beren beýanatynda: "Biziň üns berýän zadymyz ylalaşygyň barlygydyr" diýip belledi.
Ministr Fidan Türkiyäniň käbir ikirjiňlenmeleriniň bardygyny, ýöne muňa garamazdan, syýasat hökmünde bu şübheleri bir gyra goýup, ylalaşygy goldamagy makul bilýändigini aýtdy.
Fidan: “Siriýanyň prezidenti Ahmed al-Şara tarapyndan kabul edilen kararnama Başar Asad döwründe köp ýyllaryň dowamynda käbir hukuklardan mahrum edilen kürt doganlarymyza hukuk bermek babatda örän möhümdir” diýip nygtady.
Şol kararnamanyň medeni hukuklary kepillendirmek we raýatlaryň özlerini has howpsuz duýmagy we jemgyýetçilik durmuşyna has köp gatnaşmagy üçin örän möhümdigini habar berdi.
Ministr Fidan Ankaranyň terror guramasy ÝPG-nyň boşadylan DAIŞ agzalary bilen bagly amala aşyrýan manipulýasiýalaryna "uly alada" bilen syn edýändigini mälim etdi.
Siriýanyň Içeri işler ministrligi terror guramasy ÝPG tarapyndan Haseke welaýatynyň demirgazyk-gündogaryndaky Aş-Şaddadi tussaghanasyndan DAIŞ tussaglarynyň boşadylmagynyň Siriýanyň, sebitleýin we halkara howpsuzlygyna howp salýan "howpsuzlyk düzgüniniň çynlakaý bozulmasy" bolandygyny mälim etdi. Ministrligiň maglumatyna görä, boşadylan 120 DAIŞ tussaglysynyň 81-i sişenbe güni gaýtadan tussag edildi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan ýakynda Damaskda geçiren gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ABŞ-nyň Türkiyedäki ilçisi Tom Barrak bilen duşuşandygyny habar berdi. Hakan Fidan: “Biz Türkiyäniň konstruktiw rol oýnamagyny dowam etdirjekdigini nygtadyk. Olar bu tagallalary ykrar etdiler we oňa ýokary baha berdiler” diýip aýtdy.
Doly integrasiýa şertnamasy
Ýekşenbe güni agşam Aş-Şara ot açmagy bes etmek we SDG-niň döwlet edaralaryna doly integrasiýasyny öz içine alýan ylalaşygyň gazanylandygyny mälim etdi.
Ylalaşyga görä, SDG öz harby elementlerini Ýefrat derýasynyň gündogaryna çeker we Rakka we Deýr-ez-Zor welaýatlaryndaky dolanşyk we howpsuzlyk gözegçiligini Siriýa döwletine tabşyrar.
Şeýle hem ylalaşykda SDG bilen baglanyşykly harby we howpsuzlyk işgärleriniň şahsy howpsuzlyk barlaglaryndan soň Siriýanyň Goranmak we Içeri işler ministrliklerine goşuljakdygy; şeýle hem serhet geçelgeleriniň, nebit we gaz känleriniň we raýat edaralarynyň hökümetiň gözegçiligine geçiriljekdigi bellenilýär.
Bu beýanat Siriýanyň goşunynyň ýurduň gündogarynda we demirgazyk-gündogarynda uly sebitleri gaýtadan öz gözegçiligine almak üçin harby operasiýa başlatmagyndan soň, terrorçy ÝPG tarapyndan bir ýyla golaý ozal Damask bilen baglaşylan öňki ylalaşyklaryň yzygiderli bozulmagyndan soň berildi.















