ABŞ-nyň Prezidenti Trampdan Eýrana täze ultimatum:
SYÝASAT
1 minut okamak
ABŞ-nyň Prezidenti Trampdan Eýrana täze ultimatum:“Olar bilen ylalaşyk gazanmalymy ýada olary ýok etmelimi?”
ABŞ-nyň Prezidenti Trampdan Eýrana täze ultimatom

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Tährana täze ultimatum berdi. Tramp Eýran bilen ýa ylalaşyk gazanjakdyklaryny ýada şol ýurdy harby taýdan ýok etjekdiklerini beýan etdi.

Amerikan “Fox Nýus” kanalyna beýannama beren ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 3-nji noýabrda geçiriljek araky saýlawlaryň öňüsyrasynda ýurdunyň alyp barýan daşary syýasaty barada maglumat berdi.

Prezident Tramp Eýran söweşinde esasan harby we ykdysady taýdan Tähranyň mümkinçiliklerini ýok edendiklerini öňe sürdi.

Eýrana ultimatum beren Tramp “Olar bilen ylalaşyk gazanmalymy ýada olary ýok etmelimi? Ýeke-täk sorag bu” diýdi.

ABŞ-nyň Ormuz bogazynyn gözegçiligini dolulygyna ele geçirendigini aýdan Tramp, söweşden öňki döwürde bolşy ýaly bogazdan nebitiň geçişini üpjün edendiklerini belledi.

“Ormuz bogazynyň gözegçiligini ele geçirendigimizi ýatdan çykarmaň” diýen Tramp, Eýrana goýlan deňiz gabawynyň dowam edýändigini ýatlatdy.