SYÝASAT
1 minut okamak
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Mekge Goranyş hyzmatdaşlygynyň Strategik syýasy we goranyş komitetiniň maslahatyndan soň Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler we Pakistanyň Daşary işler ministri Ishak Dar bilen Bişkege gidýändiklerini habar berdi.
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär
Ministrler Fidan bilen Güler, Pakistanyň Daşary işler ministri Dar bilen Bişkege gidýär

Daşary işler ministri Fidan sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Stambul şäherinde geçirlen Mekge Goranyş hyzmatdaşlygynyň Strategik syýasy we goranyş komitetiniň maslahatyndan soň Jenap Milli Goranmak ministrimiz bilen birlikde Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşýan Prezidentimize ýoldaşlyk etmek üçin Bişkege gidýäris. Pakistanyň Daşary işler ministri Ishak Dar hem biziň bilen birlikde Bişkege gidýär” diýdi.

Türkiýäniň, Pakistanyň we Saud Arabystanynyň Daşary işler we Goranmak ministrleri bilen birlikde Baş ştabyň başlyklary düýn Stambul şäherinde Mekge Goranyş hyzmatdaşlygynyň Strategik syýasy we goranyş komitetiniň maslahatynyň çäginde bir ýere jemlenşipdi.