Wengriýanyň Premýer-ministri “Rus emlaklaryny ele geçirmek “akmaklyk” bolar” diýdi

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban saklanan rus emlaklarynyň Ukraina üçin sarp edilmegini teklip eden ÝB-ni tankyt etdi.

By
Wengriýanyň Premýer-ministri “Rus emlaklaryny ele geçirmek “akmaklyk” bolar” diýdi / Reuters

Wiktor Orban bu göçümiň çaknyşygyň möwjemegine sebäp boljakdygyny we parahatçylyk tagallalaryna zeper ýetirjekdigini aýtdy.

Wengiýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban penşenbe güni beren beýannamasynda, rus emlaklarynyň ele geçirilmegi we Ukraina üçin sarp edilmegi baradaky teklibe garşylyk görkezdi.

Orban bu başlangyjyň ÝB üçin “Söweşe tarap ädim ätmek” manysyny aňlatjakdygyny belledi.

ÝB Geňeşiniň maslahatynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama beren Orban, ÝB-niň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşde taraplardan birine goldaw bermegini islemeýändigini nygtady.

Orban “ÝB-ni söweşiň içinde görmek islemeýärin, pul bermek söweş diýmekdir”diýip belledi.

Parahatçylyga goldaw berýändigini nygtan Orban, “Men diňe parahatçylyk isleýärin. Söweş üçin däl eýsam parahatçylyk üçin tagalla edilmelidigine ynanýaryn” diýdi.

“Kimdir biriniň pulyny ele geçirmek akmaklykdyr”

Wengriýanyň Premýer-ministri Orban, Russiýany nyşana almak we maliýe taýdan çäre görülmegi baradaky çagyryşlaryň çaknyşyklaryň bes edilmegine däl eýsem möwjemegine sebäp boljakdygyna ünsi çekdi.

Orban “Kimdir biriniň pulyny ele geçirmek akmaklykdyr” diýdi.

Söweşiň ÝB-ni öz içine almagyna islemeýändigini nygtan Orban “Söweşýän iki ýurt bar. Bular ÝB däl: Russiýa bilen Ukraina” diýip belledi.

Çaknyşýan ýurtlardan biriniň emlagynyň beýlekisine berilmegi baradaky teklipleri tankyt eden Wiktor Orban, bu ýagdaýyň ÝB taýdan has howpludygy barada duýdyryş berdi.

Ýewropa Komissiýasy saklanan rus emlaklarynyn öňümizdäki ýyllarda Ukraina karz hökmünde berilmegini, maliýe we harby kömek maksady bilen ulanylmagyny teklip edipdi.

Belgiýa bolsa Russiýanyň şol emlaklaryny yzyna almagy talap edip biljekdigini mälim etdi we teklipbe alada bildirýändigine ünsi çekdi.