DÜNÝÄ
1 minut okamak
Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň Goranmak ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Halid bin Salman bilen Pit Hagset, Husileriň Saud Arabystanyna guraýan hüjümleri hakynda pikir alyşdy.
Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň Goranmak ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Saud Arabystanynyň we ABŞ-nyň Goranmak ministri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Saud Arabystanynyň Goranmak ministri Halid bin Salman, ABŞ-nyň Goranmak ministri Pit Hagset bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Salman bilen Hagset telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we Ýemendäki Husileriň Saud Arabystanyna guraýan hüjümleri bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Saud Arabystanynyň Goranmak ministri Halid bin Salman, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “Hagset bilen sebitdäki dartgynlygyň gowşamagy üçin edilýän tagallalar we Husileriň ýurdumyza guraýan terrorçylykly hüjümleri bilen birlikde sebitara we halkara meseleler barada pikir alyşdyk” diýdi.

Ady agzalýan telefon söhbetdeşligi, Husiler bilen Ýemeniň halkara derejesinde ykrar edilen hökümetine goldaw berýän Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýanyň arasyndaky çaknyşyklaryň möwjeýän günlerinde geçirildi.

Saud Arabystany, Husileriň 2014-nji ýylyň ahyrynda Ýemeniň paýtagty Sanany we töwereklerini ele geçirmeginden soň, 2015-nji ýylyň mart aýyndan bäri bu söweşiji topara garşy sebitara harby koalisiýa ýolbaşçylyk edýär.