ABŞ-nyň Harby-howa güýçleriniň sekretary Troý Meýnk bu orbital ýaragyň ABŞ güýçlerini duşman hereketlerinden goramak üçin zerurdygyny aýtdy.
Duşenbe güni Howa, Kosmos we Kiber konferensiýasynda çykyş eden Meýnk ABŞ-nyň artýan howplara taýýardygyny aýtdy, ýöne ýaragyň mümkinçilikleri ýa-da onuň orbita haçan ýerleşdirilendigi barada jikme-jik maglumat bermedi.
Ýokary derejeli harby ýolbaşçylar geljekde bolmagy ähtimal çaknyşyklarda ABŞ-nyň sputniklerine hüjüm etmek we olary öçürmek üçin usullary işläp düzýän rus we hytaý programmalaryna salgylanyp älem giňişligindäki harby mümkinçilikleri artdyrmagy meýilleşdirýändiklerini habar beripdiler.
Prezident Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümet älem giňişligindäki mümkinçilikleriň we öňüni alyjy raketalaryň ABŞ-ny raketa we beýleki howa howplaryndan goramak üçin niýetlenen meýilleşdirilen "Altyn gümmez" goranyş ulgamynyň möhüm bölegidigini aýtdy.



















