Russiýa bilen Ukraina 4 aý soň ýesir çalşygyna başlar
Russiýa bilen Ukraina soňky gezek oktýabr aýynda ýesirlerini çalşypdy. Ýesir çalşygynyň çäginde her tarapdan 185 adam yzyna berildi.
Russiýanyň Adam hukuklary boýunça ombudsmeni Tatýana Moskalowka duşenbe güni beren beýannamasynda, Ukrainanyň parlamentiniň adam hukuklary boýunça komisary Dmytro Lubinets bilen geçiren gepleşiginde ýesir çalşygynyň gysga wagtda başlamagy meselesini ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.
Moskalowka Telegramdan beren habarnamasynda, 4 aý soň ýesir çalşygyna başlamak isleýändiklerini aýtdy.
Moskalowka “Ukrainanyň parlamentiniň adam hukuklary boýunça komisary Dmytro Lubinets bilen ýesir çalşygynyň öňündäki bökdençlikleriň gysga wagtda ortadan aýrylmagy meselesi hakynda pikir alyşdyk” diýdi.
Moskalowka duşuşygyň haçan we nirede geçirlendigi hakynda hiç hili maglumat bermedi.
Moskalowka bilen Lubinetsiň anna güni Ženewada Halkara Kyzylhaç guramasynyň başlygy Miržana Spolžariç bilen duşuşandygy habar berildi.
Russiýanyň Adam hukuklary boýunça ombudsmeni Tatýana Moskalowka, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň ozal birnäçe gezek ýesir çalşygyny teklip edendigini emma Ukrainanyň degişli karary kabul etmekde gijä galandygyny aýtdy.
Moskalowka ukrainaly kärdeşine Russiýadaky ýesirleriň boşadylmagy üçin ukraina esgerleriniň ýörite sanawyny berendiklerine ünsi çekdi.
“Ukrainanyň teklibine garaşýarys” diýen Moskalowka Ženewa şertnamasyna laýyklykda ýaralanan rus esgerleriniň ýurtlaryna yzyna berilmelidigini belledi.
Russiýa bilen Ukraina soňky gezek oktýabr aýynda ýesirlerini çalşypdy. Ýesir çalşygynyň çäginde her tarapdan 185 ýesir yzyna berlipdi.
Ýesir çalşygy baradaky ilkinji ylalaşyk Stambulda geçirlen Russiýa-Ukraina gepleşiklerinde gazanylypdy.
Taraplaryň arasynda geçirlen gepleşiklerde taraplar 1000 ýesirini çalyşdy.