Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza esger ugradylmagy kararynyň BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde kabul ediljek karara baglydygyny aýtdy.
Fidan duşenbe güni metbugata beren beýannamasynda, Türkiýäniň Gaza halkara durnuklylyk güýjüniň ugradylmagyna goldaw berip bermejekdigi hakynda durup geçdi.
Hakan Fidan “Meseläni ara alyp maslahatlaşan ýurtlarymyz BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kabul etjek kararyna görä esger ugradyp ugratmajakdyklaryny karar bererler” diýdi.
Fidan, Indoneziýanyň, Pakistanyň, Saud Arabystanynyň we Iordaniýanyň Daşary işler ministri bilen birlikde Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kataryň wekiliniň gatnaşmagynda Stambulda geçirlen Gaza maslahatyna ýolbaşçylyk etdi.
Daşary işler ministri Fidan maslahata gatnaşan ýurtlaryň Gaza esger ugradylmagy meselesinde BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyna üns berjekdigini belledi.
Fidan, Prezident R. T. Erdoganyň bu mesele baradaky beýannamalarynyň Türkiýäniň parahatçylyk üçin işe girişmäge taýardygyny açyk aýdyň görkezýändigine ünsi çekdi.
Fidan Gaza meselesi boýunça soňky maslahatlaryň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen sentýabr aýynda Nýu-Ýork şäherinde we geçen aý Müsüriň Şarm al-Şeýh şäherinde geçirlendigini we şol maslahatlarda täze etabyň başlandygyny ýatlatdy.
Hakan Fidan “Gazanylan ylalaşygyň çäginde ýesirleriň we tussaglylaryň çalşygy başlady, Gaza ynsanperwer kömegi berilmäge başlandy we Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri böleýin sebitden çekilýär”diýdi.
Ylalaşygyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginde käbir kynçylyklaryň bardygyny aýdan Fidan, Ysraýylyň ylalaşygy birnäçe gezek bozandygyny, günde 600 kontenerlik ynsanperwer kömeginiň we 50 ýangyç tankeriniň Gaza girmegini bökdeýändigini nygtady.
Halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýyla basyş etmäge dowam etmelidigini nygtan Fidani ylalaşygyň gazanylmagyndan bäri Gazada 250 palestinliniň öldürlendigini aýtdy.
Daşary işler ministri Fidan, Gazanyň gaýtadan dikeldilmeginiň Palestiniň jebisligi taýdan möhümdigine ünsi çekdi.
Halkara utgaşyklyk çagyryşyny beren Daşary işler ministri Hakan Fidan, iki döwleti çözgüdiň bökdelmezligi barada duýduryş berdi.






















