Gresiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ÝB-niň Tokaý ýangynlaryna garşy göreş gullugynyň görkezijilerine esaslanýan analizlere ýer berdi.
Porto Germeno sebitinde 2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda başlan uly ýangyndan soň berlen analizde, 2018-2026-njy ýyllaryň aralygynda Attika sebitiniň günbatarynda bolan 6 uly tokaý ýangynynda 480 müň gekdarlyk ýeriň ýanandygy nygtaldy.
Porto Germenodaky ýangynyň heniz doly gözegçilik astyna alynmandygy bellenildi.
MASLAHAT BERILÝÄR
Ýangynyň doly gözegçilik astyna alynmagyndan soň çekilen ýitginiň anyklanyljakdygy ýatladyldy.




















