SYÝASAT
2 minut okamak
Tramp Eýran gepleşiklerine aýlawly ýollardan gatnaşjakdygyny aýtdy
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Ženewada geçiriljek ýadro gepleşiklerine aýlawly ýollardan gatnaşjakdygyny aýtdy.
Tramp Eýran gepleşiklerine aýlawly ýollardan gatnaşjakdygyny aýtdy
Tramp Eýran gepleşiklerine aýlawly ýollardan gatnaşjakdygyny aýtdy / AP
Duş 15 Ýek

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ženewada şu gün Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda başlajak Eýranyň ýadro maksatnamasy baradaky gepleşiklere aýlawly ýollardan gatnaşjakdygyny aýtdy.

Tramp duşenbe güni Air Fors Oneda metbugata beren beýannamasynda “Gepleşiklere aýlawly ýollardan gatnaşaryn. Bu gepleşikler diýseň möhüm” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Tähranyň ylalaşyk gazanmak isleýändigine ynanýandygyny belledi.

ABŞ-nyň Ýakyn Gündogara ikinji uçar gämisini ornaşdyrmagy sebäpli gepleşikleriň öňüsyrasynda dartgynlyk möwjeýär.

Amerikaly resmiler “Roýter” habarlar gullugyna beren beýannamasynda, gepleşikler netijesiz bolan halatynda ABŞ-nyň harby hüjüm üçin taýarlyk görýändigini aýtdy.

Donald Tramp, Eýranyň gepleşiklerde berk tutum alyp barýandygyny, emma geçen tomus ABŞ-nyň Eýranyň ýadro desgalaryny bombalamagy sebäpli şuňa meňzeş tutumlarynyň netijesiniň agyr boljakdygyna göz ýetirendigini belledi.

ABŞ-nyň iýun aýynda Ysraýyl bilen Eýranyň ýadro desgalaryna guran hüjüminden öň, Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda geçirilýän ýadro gepleşikleri Waşingtonyň Tährandan öz territoriasynda urany kämilleşdirmek tagallalaryndan ýüz öwürmegini talap edendigi sebäpli bökdelipdi. ABŞ muny Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň ýoly hökmünde görýardi.

Eýran duşenbe güni ýurduň günortasyndaky energetika merkezi Pars özbuluşly energetika zolagynda himiki wakalara garşy taýar bolmak maksady bilen harby türgenleşik geçirdi.

Aýlawly ýadro diplomatiýasy

Eýran bilen ABŞ, Ysraýylyň Eýrana guran hüjümi sebäpli başlan 12 günlük söweşden 8 aý soň 6-njy fewralda Omanyň töwellaçylyk etmeginde Maskatda ýagdro gepleşiklerine başlady.

Gepleşikler ABŞ-nyň Aýlag sebitine harby topar ornaşdyrmagy sebäpli dartgynly şertlerde geçirildi.

Uranyň kämilleşdirilmegi meselesi henizem esasy düşnüşmezlik meselesi bolmagynda galýar.

Eýran ýadro maksatnamasyny çäklendirmegiň öwezinde Günbatarly ýurtlar tarapyndan goýlan ykdysady çäklendirilmeleriň bes edilmegini talap edýär.

ABŞ bolsa Eýranyň urany kämilleşdiriş işlerini dolulygyna bes etmegini isleýär.