TÜRKIÝE
2 minut okamak
Türkiye ilkinji gezek köpçülikleýin ýagdaýda öndürilen Altaý tanklaryny TÝG-ne gowşurýar
Türkiye Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan sişenbe güni Türkiyäniň garaşsyz sowutly güýçlerine eýe bolmak maksadynyň amala aşmagynda möhüm tapgyr bolan “Altaý” esasy söweş tanklarynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşar.
Türkiye ilkinji gezek köpçülikleýin ýagdaýda öndürilen Altaý tanklaryny TÝG-ne gowşurýar
Altaý tanky

Türkiye sişenbe güni doly ýerli goranyş senagatyna geçmek maksatnamasynda möhüm bir tapgyry emele getirjek “Altaý” esasy söweş tanklaryny Türkiyäniň Ýaragly Güýçlerine gowşurmaga başlar.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ankaranyň Kahramankazan etrabynda geçiriljek Altaý tanklarynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşar we çykyş eder. Çäräniň çäginde Türkiyäniň iň uly goranyş önümçilik desgalarynyň biri bolan BMC Ankara tank we täze nesil sowutly ulaglaryň önümçilik zawodynyň resmi açylyş dabarasy hem bolar.

Türkiyäniň Milli Azat edijilik söweşi döwründe 5-nji Atly goşun korpusy bilen Izmire giren meşhur serkerde Fahrettin Altaý Paşanyň adyny göterýän Altaý tanklary, Türkiyäniň täze nesil sowutly flotunyň esasy bölegini emele getirer.

Dolulygyna türk inženerleri tarapyndan işlenip düzülen bu taslama indi köpçülikleýin önümçilik tapgyryna girdi. Täze BMC önümçilik zolagy ýurduň awiakosmos we goranmak senagaty üçin niýetlenen senagat zolagynda 840,000 inedördül metr meýdany eýeleýär.

Öňümizdäki bäş ýylyň içinde 250 tank

Türkiyäniň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, 2026-njy ýylda T1 konfigurasiýasyndaky 11 sany “Altaý” tanky, 2027-nji ýylda ýene 41 sany we 2028-nji ýylda 30 sanysy getiriler we umumy önümçiligi 85 tanka ýetirer.

2028-nji ýyldan başlap, önümçilik ýerli işläp düzülen Batu hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan ösen T2 görnüşine geçiriler we goşmaça 165 sany tank öndüriler. Bu bolsa, bäş ýylyň dowamynda umumy önümçiligi 250 tankyň öndürilmegine mümkinçilik berer.

“Altaý” maksatnamasy Türkiyäniň iň uly möçberli içerki harby taslamalarynyň biri hökmünde tapawutlanýar we çalt üýtgeýän sebitleýin howpsuzlyk şertlerinde daşarky garaşlylygy azaltmagy we milli goranyş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Öwren
Prezident Erdogan MaşgalaFest çärelerine baryp gördi
Türkiýe Ysraýylyň Siriýadaky territorial düzgün bozmalaryny berk ýazgardy
Antalýada 77-nji Halkara Älem kongresi başlady
Stambul howa menzili gündelik 1587 uçar gatnawy bilen Ýewropanyň iň işjeň howa menzili boldy
TEKNOFEST Şanlyurfa şäherinde öz işini dowam etdirýär
Türkiýe, Husileriň Medine şäherindäki raýat infrastrukturasyna guran hüjümini berk ýazgardy
MHG Reýhanly hüjüminiň jenaýatçysyny tussag etdi
Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň mejlisi Prezident Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirildi
TEKNOFEST Türkiýäniň Günorta-gündogarynda öz işine başlady
Fidan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa welaýatynyň Premýer-ministri Wüst bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan BAE-niň Döwlet baştutany Al Nahýan tarapyndan kabul edildi
Prezident Erdogan Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip çykyş etdi
Erdogan Germaniýanyň Demirgazyk Reýn-Westfaliýa ştatynyň Premýer-ministri Wýusti kabul etdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan BAE-e sapar gurar
TBMM-niň başlygy Kurtulmuş Preweze söweşiniň 488 ýyllygy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Prezident Erdogan: Dilimize eýe çykmak, geljegimize eýe çykmakdyr
Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli gözleg gämisi ýakynda ulanylmaga beriler
Saud Arabystanynyň Deňiz güýçleriniň hünärmenleri Baýkarda geçiren okuw maksatnamasyny tamamlady
Fidan "Umumy Goranmak üçin Mekke Ylalaşygy: Daşary işler ministrleriniň maslahatyna" gatnaşdy
Türkiýe Gazagystanda geçirilen türgenleşikde ýogalan adamlar sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi