Türkiýäniň Transport we infrastruktura ministri Albulkadir Uraloglu penşenbe güni beren beýannamasynda Zengezur koridory meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny we taslamanyň 4-5 ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.
24 TW teleýaýlymyna beýannama beren Uraloglu, Zengezur koridorynyň gündogar bilen günbataryň arasyndaky arabaglanşygy güýçlendirjekdigini nygtady.
Ministr Uraloglu meýilleşdirlen ugryň Türkiýäniň gündogaryndaky Kars welaýatyndan başlap, Ygdyrdan we Dilujyndan geçip Azerbaýjanyň Nahiçewan sebitine barjakdygyny belledi.
Uralogly Azerbaýjanyň degişli taýarlyklary görýändigini, Zengezur koridory boýunça ylaşyk teswirnamasynyň baglaşylandygyny emma heniz gurluşyk işlerine başlanmandygyny ýatlatdy.
Transport we infrastruktura ministri Albulkadir Uraloglu “Türkiýede ýakynda öňümizdäki günlerde we aýlarda işe girişeris” diýdi.
Taslamanyň Nahiçewan tarapynda 180 kilometrlik bölüminiň bardygyny, munyň bir böleginiň abatlandygyny, bir böleginiň bolsa täzeden guruljakdygyny aýdan Uraloglu, Türkiýe tarapyndaky 224 kilometrlik bölüminiň bolsa gurluşygyna başlanandygyny sözleriniň üstüne goşdy.
Zengezur koridorynyň 4-5 ýylyň dowamynda durmuşa geçiriljekdigini aýdan Transport we infrastruktura ministri Albulkadir Uraloglu, taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Türk dünýäsini has-da jebisleşdirjekdigini belledi.
Zengezur koridory Türkiýäni Azerbaýjan we geljekde Orta Aziýa bilen aragatnaşygyny güýçlendirjek strategik transport ugry hökmünde görülýär.
Şol bir wagtda Hytaý bilen Ýewropany Orta Aziýa, Hazar deňzi, Günorta Kawkaz we Türkiýe arkaly birleşdirýän giň gerimli Merkezi koridorynyň bir bölegi hökmünde görülýär.

















