DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ýaponiýanyň günorta günbatarynda ýer titremesi sebäpli ýogalanlaryň sany 38 adama ýetdi
Ýolbaşçylar ýer titremesinde çekilen ýitginiň heniz doly anyklanmandygyny mälim etdi.
Ýaponiýanyň günorta günbatarynda ýer titremesi sebäpli ýogalanlaryň sany 38 adama ýetdi
Ýaponiýanyň günorta günbatarynda ýer titremesi sebäpli ýogalanlaryň sany 38 adama ýetdi / Reuters

Ýaponiýanyň günorta günbatarynda ýerleşýän Kumamoto sebitinde geçen hepde bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 38 adama ýetdi. Müňlerçe adam hem ewakuasiýa merkezinde galmaga dowam edýär.

“NHK” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ýolbaşçylar ýer titremesinde 36 adamoň ýogalandygyny habar berdi.

Ýogalan 2 adamyň bolsa geçen hepde bolan 7,1 bal ululygyndaky ýer titremesi bilen arabaglanşygynyň bolup bolmandygy barlanýar.

9 müň 200 adam hem ýer titremesinden soň 210 ewakuasiýa merkezinde galmaga dowam edýär.

Ýer titremesi sebäpli 3 müň 400-den gowrak ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirildi.

Kumamotoda 69 müňden gowrak ýaşaýyş jaýynyň we iş ýeriniň agyz suwy kesildi.

Beýleki tarapdan Kumamotoda aşa yssy howa sebäpli şenbe güni 30 adam hassahabanada bejergi astyna alyndy.