DÜNÝÄ
1 minut okamak
Malaýziýadaky sil betbagçylygy takmynan 11,000 adama ýaramaz täsir ýetirdi
Kedah, Kelentan, Penang, Perak, Perlis, Terengganu we Selangyr welaýatlary sil betbbagtçylygynda zyýan çekdi.
Malaýziýadaky sil betbagçylygy takmynan 11,000 adama ýaramaz täsir ýetirdi
Malaýziýadaky sil betbagçylygy takmynan 11,000 adama ýaramaz täsir ýetirdi / Reuters
24 Noýabr 2025

Duşenbe güni ir-sähere çenli Malaýziýanyň ýedi welaýatynda sil sebäpli 10,922 adam zyýan çekdi. Kelantan welaýaty bolsa sil sebäpli iň agyr ýitgini çekdi.

Döwlet eýeçiligindäki habarlar gullugy “Bernama” ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Kelantan welaýatynda şu gün ir-säher 3.022 hojalykdan 8,248 adamyň zyýan çekendiginiň anyklanandygyny habar berdi. Ozalky gije bolsa 7,830 adamyň sil sebäpli zyýan çekendigi habar berilipdi.  

Resmi adamlaryň beýan etmegine görä Kelantandaky ýagdaý sebitdäki güýçli ýagyşyň dowam etmegi sebäpli howply bolmagynda galýar.

Beýleki welaýatlarda-da güýjeýän sile garşy göreş dowam edýär. Perlisde zyýan çekenleriň sany öňki gün 114 adam bolan bolsa, şu gün ir-säher 811 adama ýetdi.

Penangda-da zyýan çekýänleriň sany artýar we 242 adama ýetdi. Perak welaýatynda hem sil sebäpli zyýan çekenleriň sanynyň barha artýandygy habar berildi. Kedah we Terengganuda silden zyýan çekenleriň sanynyň azalmagy netijesinde şertler kadalaşýar.

Selangor silden zyýan çeken soňky welaýat boldy we adatdan daşary kömek ugradyljak welaýatlaryň sanawyna goşuldy.