Indoneziýada dini internadyň binasynyň ýykylmagy sebäpli ýogalan okuwçylaryň sanynyň 16-dan 36-a ýetendigi habar berildi.
13-19 ýaş aralygyndaky 27 oglanyň bolsa harabalygyň aşagynda galandygy bellenildi.
27 okuwçynyň harabalykdan çykarylmagy üçin halas ediş işleri 7 günden bäri dowam edýär.
Gözleg we halas ediş işleriniň 60 göteriminiň tamamlanandygy we duşenbe gününe çenli doly tamamlanmagyna garaşylýandygy nygtaldy.
Gündogar Ýawa sebitiniň Sidoaržo şäherçesinde ýerleşýän Al Khozniý mekdebi, duşenbe güni binanyň ýokarky gatlarynda dowam edýän gurluşyk işleri sebäpli okuwçylar günorta namazynda mahaly ýykylypdy.
Umytlar azalýar
Gözleg we halas ediş toparlary anna güni halas ediş işlerinde agyr maşynlaryň ulanylmagy üçin okuwçylaryň ene-atalarynyň rugsadyny aldy.
Gözleg we halas ediş toparlary binanyň galyndylarynda tüneller gazyp okuwçylary tapmaga çalyşdy emma hiç hili netije alyp bilmedi.
Al Khozniy yslam medresesi hökmünde bilinýän dini mekteplerden biri.
Dünýäniň iň uly musulman ilatyna eýe bolan Indoneziýada Din işler ministrliginiň görkezijilerine görä şol mekdeplerde 7 million okwçy bilim alýar











