DÜNÝÄ
1 minut okamak
Indoneziýada ýykylan mekdepde ýogalanlaryň sany 36 adama ýetdi
Ýawa adasyndaky köp gatly internadyň bir bölegi duşenbe güni okuwçylar günorta namazyny okaýarka ýykylypdy.
Indoneziýada ýykylan mekdepde ýogalanlaryň sany 36 adama ýetdi
Indoneziýada ýykylan mekdepde ýogalanlaryň sany 36 adama ýetdi
5 Oktýabr 2025

Indoneziýada dini internadyň binasynyň ýykylmagy sebäpli ýogalan okuwçylaryň sanynyň 16-dan 36-a ýetendigi habar berildi.

13-19 ýaş aralygyndaky 27 oglanyň bolsa harabalygyň aşagynda galandygy bellenildi.

27 okuwçynyň harabalykdan çykarylmagy üçin halas ediş işleri 7 günden bäri dowam edýär.

Gözleg we halas ediş işleriniň 60 göteriminiň tamamlanandygy we duşenbe gününe çenli doly tamamlanmagyna garaşylýandygy nygtaldy.

Gündogar Ýawa sebitiniň Sidoaržo şäherçesinde ýerleşýän Al Khozniý mekdebi, duşenbe güni binanyň ýokarky gatlarynda dowam edýän gurluşyk işleri sebäpli okuwçylar günorta namazynda mahaly ýykylypdy.

Umytlar azalýar

Gözleg we halas ediş toparlary anna güni halas ediş işlerinde agyr maşynlaryň ulanylmagy üçin okuwçylaryň ene-atalarynyň rugsadyny aldy.

Gözleg we halas ediş toparlary binanyň galyndylarynda tüneller gazyp okuwçylary tapmaga çalyşdy emma hiç hili netije alyp bilmedi.

Al Khozniy yslam medresesi hökmünde bilinýän dini mekteplerden biri.

Dünýäniň iň uly musulman ilatyna eýe bolan Indoneziýada Din işler ministrliginiň görkezijilerine görä şol mekdeplerde 7 million okwçy bilim alýar

 

 

Öwren
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy
Owganystanda 6,3 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň harabalyklary aýyrmak işlerine başlandy
Filippinleriň günortasyndaky tupanda ýogalanlaryň sany 19 adama ýetdi
Peru Meksika bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesdi
Russiýa Ukrainada esgerleriniň Pokrowsk şäherine girendigini öňe sürdi
Ysraýyl güýçleri we bikanun ýaşaýjylar Günbatar Şeriada guran hüjümlerinde iki palestinalyny öldürdi
Tramp Russiýa bilen Hytaýyň ýadro synagyny geçirýändigini nygtady
Sebitleýin dartgynlygyň möwjeýän günlerinde Russiýanyň Premýer-ministri Hytaýda saparda bolar