SYÝASAT
2 minut okamak
Ukraina Stambul gepleşiklerine açyk emma, Russiýanyň parahatçylyk şertlerini görmek isleýär
Moskwa Stambuldaky maslahatda uzak möhletli parahatçylyk üçin şertleri öz içine alýan “memorandumyň” hödürlenjekdigini aýtsa-da, Kiýew resminamany öňünden görmek isleýär.
Ukraina Stambul gepleşiklerine açyk emma, Russiýanyň parahatçylyk şertlerini görmek isleýär

Ukraina geljek hepde Stambulda Russiýa bilen gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy emma,  parahatçylyk üçin şertleri kesgitleýän Moskwadan resminama talap etdi.

Ukraina: “Ukraina nobatdaky maslahata gatnaşmaga taýýar, ýöne konstruktiw pikir alyşmak isleýäris. Bu, Russiýanyň taslamasynyň bize ýetmeginiň möhümdigini aňladýar” diýdi.

Bu beýannamanyň Ukrainanyň goşulmagy üçin resmi şert bolup-bolmandygy entek belli däl.

Bu çagyryş, Birleşen Milletler Guramasynyň üç ýyl dowam eden uruşda parahatçylyga bolan umytlaryň “zordan” aýakda durýandygyny we ABŞ araçylyk tagallalaryndan çekilip biljekdigini we Russiýa has köp sanksiýalar girizip biljekdigini nygtady.

Ukrainanyň penşenbe güni çap eden beýanatyny, Russiýanyň duşenbe güni Stambulda geçiriljek täze gepleşiklere gatnaşjakdygy barada Kiýewiň tassyklamagyna garaşýandygyny aýtmagyndan soň berildi.

Diplomatik tagallalar soňky aýlarda güýçlendi, emma Russiýa Ukrainanyň territoriýasyny güýçli bombalamagyny dowam etdirdi we tiz wagtda ýaraşygyň gazanylmagy baradaky çagyryşlary ret etdi.

Moskwa 2-nji iýunda Stambulda göni gepleşikleriň ikinji tapgyryny geçirmegi teklip etdi we şol ýerde uzak möhletli parahatçylygy çözmek üçin şertlerini görkezýän "memorandum" hödürlejekdigini aýtdy.

Emma Ukraina, memorandumyň göçürmesini öňünden almasa, maslahatyň manysyz boljakdygyny öňe sürdi.

Bu talaba jogap beren, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Ukrainanyň resminamany gepleşiklerden ozal görmek islemeginiň "konstruktiw däldigini" aýtdy.

Ukraina eýýäm öz parahatçylyk çarçuwasyny hödürländigini we Moskwanyň hem şeýle etmegine garaşýandygyny aýtdy.

Zelenskiý: "Russiýa maslahatlary puja çykarmak üçin elinden gelenini edýär. Bu, Russiýanyň ýeterlik sanksiýalara, ýeterlik basyşlara sezewar edilmeginiň ýene bir sebäbi" diýdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Georgiý Tikhi: "Moskwanyň resminamasyny paýlaşmakdan ýüz öwürmegi" munuň hakykatdanam ultimatumlardan dolydygyny görkezýär "diýdi.

Erdogan “Gapylary ýapmaň” diýýär

Gepleşikleriň nobatdakysyna ýer eýeçiligini etmegine garaşylýan Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, taraplara diýaloga gapylaryny ýapmazlyklary barada çagyryş berdi.

16-njy maýda Stambulda geçirilen iň soňky göni gepleşik diňe tussaglaryň çalşylmagyna we aragatnaşyk saklamak baradaky düşnüksiz borçnamalar bilen netijelenipdi.

Öwren
Ministr Fidan Saud Arabystanly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Eýran: “Netanýahu tussaghana girmezlik üçin ABŞ-ny täze urşa tarap çekýär”
Tramp Ukrainanyň Russiýada ýangyç zawodlaryny nyşana almagyny tankyt etdi
Hakan Fidan YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Bagdatda geçiriljek maslahatyna gatnaşar
Türkiýe bilen birlikde 19 ýurt Kolumbiýanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Ierusalime göçürmegini ýazgardy
Ukraina: "Zelenskiý Putin bilen prezident Erdoganyň töwellaçylyk etmegınde  duşuşyp biler"
HOK  Olimpiýa oýunlarynyň  2036-njy ýylda  ýerini saýlamak boýunça meýilnamasyny yglan etdi
Prezident Erdogan Stambulyň azat edilmeginiň 103 ýyllygyny gutlady
Ukraina 650 dron bilen Moskwa hüjüm gurady
Eýran: “ABŞ bilen gepleşik geçirmegiň manysy ýok”
Prezident Erdogan Türki döwletleriniň hyzmatdaşlyk güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi
Eýran: Rutte, Ýewropanyň Eýran söweşindäki rolyny boýun aldy
“Eýran indi ABŞ-na ynanmaýar”
Netanýahunyň BMG-däki çykyşy başlan badyna 70 ýurduň wekili zaly terk etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp Hytaýly kärdeşini howa menzilinde garşylady
Türkiýe, Siriýa we Saud Arabystany duşuşygy Nýu-Ýorkda geçirildi
Makron: “Gazadaky ýagdaý biziň üçin utandyryjy”
Prezident Erdogan Nýu-Ýorkda özara duşuşyklar geçirdi
Tramp:Gaza milliardlarça dollarlyk kömek berler
Prezident Erdoganyň BMG-däki çykyşy sanly platformalaryň gün tertibine öwrüldi