DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň günortasyndaky Wildberries logistika merkezlerine UHU-lar bilen hüjümler guraldy
Hüjümlerde 3-siniň saglyk ýagdaýy agyr, jemi 10 adam ýaralandy
Russiýanyň günortasyndaky Wildberries logistika merkezlerine UHU-lar bilen hüjümler guraldy
Russiýanyň günortasyndaky Wildberries logistika merkezlerine UHU-lar bilen hüjümler guraldy

Russiýanyň günortasyndaky Krasnodar we Newinnomyssk şäherlerinde Wildberries elektron söwda platformasyna degişli logistika merkezlerine uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümlerde on adamyň ýaralanandygy habar berildi.

“Wildberries” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Tatýana Kim beren ýazmaça beýanatynda Krasnodar we Newinnomyssk şäherlerinde iki logistika merkezine gije hüjüm guralandygyny aýtdy.

Kim işgärleriň dessine ewakuasiýa edilendigini we ilkinji habarlara görä, ýaralanan adamlaryň bardygyny we zerur goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Krasnodar sebitiniň gubernatory Weniamin Kondratýew hem sebitiň gije güýçli uçarmansyz howa ulaglary hüjümlerine sezewar bolandygyny we Krasnodardaky Wildberries logistika merkezinde 10 adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.

Weniamin Kondratýew hüjümlerde 3-siniň saglyk ýagdaýy agyr, jemi 10 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Kondratýew logistika merkezine guralan hüjümiň ýetiren zyýanyny abatlamak we ýangyny söndürmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we Armawir şäherindäki iş ýerine uçarmansyz howa ulagynyň bölekleriniň düşmegi netijesinde bir işgäriň ölendigi baradaky maglumaty paýlaşdy.

Kondratýew uçarmansyz howa ulaglarynyň bölekleriniň Krasnodardaky iki köp gatly bina we Dinskaýa ilatly zolakdaky iki jaýyň üstüne gaçandygyny habar berdi.

“Wildberries” Russiýanyň iň uly elektron söwda platformalarynyň biridir. Ýakyn wagtda kompaniýanyň logistika merkezleriniň birnäçesi uçarmansyz howa ulagy hüjümlerine sezewar boldy.