SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýe Ysraýylyň garşylygyna garamazdan Gaza esger ugratmaga taýar
Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýäniň elýeterli şertlerde Gaza esger ugratmaga taýardygyna ünsi çekdi.
Türkiýe Ysraýylyň garşylygyna garamazdan Gaza esger ugratmaga taýar
Türkiýe Ysraýylyň garşylygyna garamazdan Gaza esger ugratmaga taýar / Reuters
24 Ýanwar 2026

Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiýäniň Ysraýylyň görkezýän garşylygyna garamazdan elýeterli şertlerde Gaza esger ugratmaga taýardygyny aýtdy.

Hakan Fidan anna güni NTW tele ýaýlymynda eden çykyşynda, Ankaranyň uly jogapkärçiligi öz üstüne almak isleýändigini aýtdy.

Ysraýylyň Türkiýäniň Gazadaky rolyna garşydygyny aýdan Fidan, emma muňa garamazdan Ankaranyň edýän tagallasyny dowam etdirjekdigini belledi.

Hakan Fidan “Elýeterli şertlerde harby taýdan goldaw bermek isleýäris” diýdi.

Türkiýäniň Gaza meselesine uly ähmiýet berýändigini aýdan Fidan, “Parahatçylyk geňeşiniň” döredilmegi üçin degişli taýarlyklaryň dowam edýändigini nygtady.

Türkiýe Gaza ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýär

Gaza berilýän ynsanperwer kömeginiň üznüksiz dowam edýändigini aýdan Hakan Fidan, Rafah gümrük geçelgesiniň geljek hepde gaýtadan açylyp bilinjekdigini belledi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan agyr gyş şertlerinde çadyrlarda ýaşaýan palestinliler üçin konteýnerleriň ugradylmagynyň meýilleşdirilýändigine ünsi çekdi.

Ministr Fidan Türk Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň Gazada ynsanperwer kömegini paýlamaga dowam edýändigini belledi.

Hakan Fidan Ankaranyň ilkinji nobatda Gazanyň halkynyň öz topraklarynda ýaşamaga dowam etmegi üçin tagalla edýändigini ýatlatdy.